Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga, önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeleri ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy görkezijilerinde öz beýanyny tapýar.
2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylan netijeler seljerildi we geljekki wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde hödürlenen makroykdysady görkezijiler ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny aýdyňlaşdyrdy. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterim derejesinde saklandy. Senagat pudagynda 3 göterim, gurluşykda 6,7 göterim, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,4 göterim, söwdada 8,4 göterim, oba hojalygynda 4,1 göterim, hyzmatlar ulgamynda bolsa 8,4 göterim ösüş gazanylandygy habar berildi. Şeýle hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,9 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8,3 göterim ýokarlandy. Bu görkezijiler ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda önümçiligiň we söwda gatnaşyklarynyň giňelýändigini görkezýär.
Ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri hem maýa goýum işjeňligidir. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,5 göterim artdy. Bu serişdeler önümçilik we durmuş maksatly taslamalary amala aşyrmak üçin möhüm maliýe binýadyny emele getirýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksatlarynyň biri ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, täze ýaşaýyş jaýlarynyň, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň, medeni-durmuş desgalarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 100,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasynyň 97,2 göterim ýerine ýetirilendigi habar berildi. Döwlet kärhanalarynda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirilendigi bellenildi.
Ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şertleriniň biridir. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi halkara ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar. Ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterim ösüşiň gazanylmagy bu ugurdaky ykdysady işjeňligiň ýokarlanýandygyny görkezýär. Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy hem ulag we aragatnaşyk hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz dokuz aýda gazanylan netijelere baha berip, kabul edilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi dowam etdirmegiň, ykdysadyýetiň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň dowam etdirilýändigine hem ünsi çekdi.
Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda hasaba alnan ösüş depginleri, durmuş maksatly taslamalaryň dowam etdirilmegi we halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň uzak möhletleýin ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda alnyp barylýan işleriň möhüm bölegidir. Öňde bolsa täze maksatlar, täze taslamalar we halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen möhüm wezipeler durýar.
Kerimberdi ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF








