Her ýyl­da Ýer ýü­zü­ne düşýän yga­lyň muk­da­ry üýt­ge­me­ýär. Em­ma onuň wag­ty we ýe­ri üýt­gäp bil­ýär. Bu ýag­daý gu­rak­çy­ly­ga se­bäp bol­ýar. Pla­ne­ta­my­za ýo­kar­dan se­re­de­ni­miz­de, onuň uly bö­le­gi­niň suw­du­gy aý­dyň gö­rün­ýär. Ýa­şaý­şyň do­wam et­me­gi üçin ze­rur ha­sap­lan­ýan su­wuň köp bö­le­gi te­bi­gat­da buz ha­lyn­da sak­lan­ýar. Ho­wa­nyň we ba­sy­şyň üýt­ge­me­gi­ne bag­ly­lyk­da gaz, su­wuk we ga­ty hal­da bo­lup bil­ýän ýe­ke-täk mad­da suw­dur. Ýer ýü­zün­dä­ki su­wuň 96,5 %-i um­man­lar­da, galan bölegi pol­ýus­lar­da­ky buz­luk­lar­da, ýe­ras­ty çeş­me­ler­de, köl­ler­de, der­ýa­lar­da we beý­le­ki akar suw­lar­da sak­lan­ýar. 1 % gö­te­ri­mi bol­sa, at­mos­fe­ra­da bug ha­lyn­da bol­ýar. Yzy­gi­der­li aý­lan­ýan­dy­gy üçin pla­ne­ta­myz­da­ky suw çeş­me­le­ri bir ýer­den beý­le­ki ýe­re ak­ýar ýa-da gör­nü­şi­ni üýt­ged­ýär. Bü­tin dün­ýä­de 1,39 mil­liard ki­lo­metr kub suw bo­lup, onuň 97,5 %-i şor, 2,5 %-i süý­ji suw­dur.
Dünýäde iç­mek, eke­ran­çy­lyk we beý­le­ki ze­rur­lyk­la­ry üçin ulan­ma­ga amat­ly suwuň mukdary ba­ry-ýo­gy 1 gö­te­rim­dir. Su­wy iç­mek we beý­le­ki mak­sat­lar üçin ulan­ma­ga taý­ýar et­mek üçin ony köp ha­lat­da aras­sa­la­ma­ly bol­ýar. Şol se­bäp­li suw­dan tyg­şyt­ly peý­da­lan­ma­gyň hem­mä­mi­ziň bor­ju­myz­dy­gy­ny unut­malyň!