ÝUNISEF milli hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Aşgabat we Daşoguz şäherlerinde ene-atalara goldaw berýän toparlary döretmek boýunça üç aýlyk synag maksatnamasynyň netijelerini jemledi. Bu başlangyç iýun aýynda – “Ene-atalyk” aýy döwründe başlandy. Şol wagt ÝUNISEF we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy oňyn ene-atalyk, inklýuziw oýunlar we çagalaryň abadançylygy barada amaly maslahatlary öz içine alýan maglumat kampaniýasyny ýola goýdular. Soňra bu taslama hünärmenler üçin professional okuwlary, ene-atalar üçin toparlaýyn duşuşyklary we jemgyýetçilik ulgamlarda düşündiriş işlerini özünde jemleýän giň gerimli maksatnama öwrüldi.
Taslamanyň çäklerinde ene-atalara we çagalara seredýän adamlara çaganyň ösüşi, stres ýagdaýlaryny dolandyrmak we zorluk ulanmazdan terbiýelemek usullary boýunça amaly okuwlar geçirildi. Sosial we saglygy goraýyş hünärmenleri, gatnaşyjylaryň öz tejribeleri bilen paýlaşyp biljek, däp bolan terbiýeçilik çemeleşmelerine täzeden garap, goldaw beriji gurşawda täze usullary synap görüp biljek duşuşyklary guramak üçin taýýarlyk geçdiler. Jemleýji duşuşykda hyzmatdaşlar gatnaşyjylaryň pikir-teswirlerini seljerdiler we şeýle goldawy mekdeplerde, ilkinji saglygy goraýyş edaralarynda hem-de jemgyýetçilik sosial hyzmat merkezlerinde hödürlemek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Žanar Sagimbaýewa synag taslamasynyň gymmatly amaly tejribeleri berendigini belledi. Bu tejribeler milli hyzmatdaşlar bilen bilelikde iş modelini kämilleşdirmek, öňdebaryjy toparlara goldaw bermek we indiki tapgyr üçin iş meýilnamasyny (ýol kartasyny) işläp düzmek üçin ulanylar. Bu başlangyç Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Bilim ministrligi, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Içeri işler ministrligi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.
Toplanan maglumatlara esaslanyp, duşuşyga gatnaşyjylar öňdebaryjy toparlara usulyýet goldawyny güýçlendirmek we maşgalalara goldaw bermek modelini kämilleşdirmek boýunça geljekki ädimler barada ylalaşdylar. Ýüze çykarylan netijeler ÝUNISEF-iň 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt maksatnamasynyň çägindäki işiniň esasyny düzdi we Türkmenistanda maşgalalar üçin sosial hyzmatlar ulgamyny berkitmäge, şeýle-de çagalaryň hukuklaryny goramaga hyzmat eder.
PDF








