Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de pe­der ýo­lu­ny my­na­syp do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­sy bi­len ýur­du­myz dün­ýä­niň äh­li ýurt­la­ry bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ýar. Mu­nuň aý­dyň my­sa­ly hök­mün­de 7-8-nji okt­ýabr­da “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­li sam­mit­le­ri we hal­ka­ra du­şu­şyk­la­ry aýt­mak bo­lar. Ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de ge­çi­ri­len bu hal­ka­ra çä­re­le­riň do­wa­myn­da ta­tar hal­ky­nyň ta­ry­hy mi­ra­sy­ny, ene di­li­ni we dap-des­sur­la­ry­ny go­rap sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len “Ta­tar gy­zy – 2026” halkara bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji tap­gy­ry ge­çi­ril­di. Bu bäs­le­şi­ge Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­ra­byn­da­ky 51-nji or­ta mek­de­biň türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty mu­gal­ly­my Re­gi­na Äh­met­wa­li­ýe­wa hem gat­naş­dy. Ýa­kyn­da biz Re­gi­na bi­len söh­bet­deş bo­la­ny­myz­da özü­niň ýü­rek buý­san­jy­ny şeý­le be­ýan et­di:
– “Ga­raş­syz Ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny” ýy­ly me­niň dur­mu­şym­da ýat­dan çyk­ma­jak ýyl­la­ryň bi­ri bol­dy. Bü­tin­dün­ýä “Ta­tar gy­zy-2026” bäs­le­şi­gi­ne gat­naş­ma­gym me­ni we me­niň maş­ga­la ag­za­la­ry­my diý­seň be­gen­dir­di, buý­san­dyr­dy. Bäs­le­şi­giň des­lap­ky tap­gy­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lup, Türk­me­nis­tan ýur­du­my­zyň adyn­dan bäs­le­şi­giň ýa­rym fi­nal tap­gy­ry­na gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dym. Ýa­rym fi­nal tap­gy­ry aw­gust aýyn­da Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip, Rus­si­ýa­nyň dür­li se­bit­le­rin­den Gyr­gy­zys­tan, Tür­ki­ýe, Öz­be­gis­tan, Türk­me­nis­tan­dan je­mi 26 gyz gat­na­şyp, özara bäs­leş­di­ler. Ne­ti­je­de, 12 gyz ýe­ňi­ji bo­lup, jem­leý­ji tap­gy­ra gat­naş­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da me­niň hem bol­ma­gym dur­mu­şy­myň iň bagt­ly ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry­myň bi­ri bol­dy. Ada­ty gö­zel­lik bäs­le­şik­le­rin­den ta­pa­wut­ly­lyk­da bu bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­lar maş­ga­la gym­mat­lyk­la­ry, el hü­nä­ri we aş­ha­na­lar ba­ra­da çy­kyş edip, öz­le­ri­niň ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny wi­deo­şe­kil­le­riň üs­ti bi­len gör­kez­di­ler.
Men hem bu hal­ka­ra bäs­le­şik­de “Iň owa­dan, ýa­kym­ly gyz” no­mi­na­si­ýa­sy­na my­na­syp bo­lup, de­giş­li dip­lom we ýa­dy­gär­lik sow­gat­la­ry bi­len sy­lag­lan­dym. Ýaş­la­ra hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän şeý­le bäs­le­şik­le­re gat­naş­ma­ga, öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­my­zy gör­kez­mä­ge, ýur­du­my­zyň at-ab­ra­ýy­ny dün­ýä­de has-da ar­şa gal­dyr­ma­ga äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýän türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, her bir döw­let­li iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin.

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň
Kö­ne­ür­genç et­rap bir­leş­me­si­niň esa­sy hü­när­me­ni,
et­rap Ze­nan­lar gu­ra­ma­sy­nyň kä­ti­bi.