16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda Biodürlülik baradaky maslahatyň çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy.
Ozal habar berlişi ýaly, 15-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurda iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmak üçin Baku şäherinden Ermenistan Respublikasyna ugrady.
Döwlet Baştutanymyz Ermenistana ugramak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline bardy.
Birnäçe wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Ýerewanyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Ermenistan Respublikasynyň resmi adamlary we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni ýokary derejedäki sammitiň geçirilýän ýerine — “Meridian” sergi we çäreler merkezine ugrady.
Bu giň möçberli çärä BMG-niň Baş Sekretary, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlary, tebigaty goramak boýunça guramalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň wekilleri hem-de halkara bilermenler gatnaşdylar.
Sammitiň geçirilýän ýerinde hormatly Prezidentimizi Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem-de BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş mähirli garşyladylar we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Wekiliýet baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerindäki Liderler sammiti öz işine başlady.
Sammitiň gün tertibine ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi goramak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň esasy maksatnamasyna (COP17) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda, ilki bilen, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen ähli şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Liderleriň şu gezekki sammitiniň döwletleriň dünýäde biologik köpdürlüligi gorap saklamaga hem-de kabul eden borçnamalaryndan anyk hereketlere geçmäge umumy syýasy erklerini tassyklamak üçin mümkinçilik döredýändigini belledi.
«Türkmenistan BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň hem-de Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynyň maksatlaryny hem-de ýörelgelerini yzygiderli goldaýar. Biz bioköpdürlüligiň azalmagynyň, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň we topragyň ýaramazlaşmagynyň ekologiýa howpsuzlygyna hem-de ýurtlaryň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýän özara baglanyşykly wehimler bolup durýandygyndan ugur alýarys.
Garagum sährasyndan başlap, Köpetdagyň we Köýtendagyň daglyklaryna hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyna çenli özboluşly tebigy ekoulgamlara eýe bolan Türkmenistan tebigy baýlyklaryň goralyp saklanmagyna döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýar» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň bu işde birnäçe ileri tutulýan ugurlara esaslanýandygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamlaryny kämilleşdirmäge, ekologiýa gözegçiligini ösdürmäge, haýwanlaryň we ösümlikleriň seýrek görnüşlerini goramaga möhüm ähmiýet berýändigini belläp, halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ählumumy çarçuwaly maksatnamanyň maksatlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar üçin bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we Hereketleriň meýilnamasynyň bu ugurdaky işiň möhüm guraly bolup durýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz serhetüsti ekoulgamlary, haýwanlaryň migrasiýa ýollaryny we tebigy serişdeleri gorap saklamak maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurdumyzyň Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyna, Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamyny goramaga hem-de çölleşmä garşy göreşmäge aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, bu wezipeleriň netijeli çözülmegi döwletleriň ylalaşykly hereketlerini, ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri hem-de hyzmatdaşlygyň uzak möhletli mehanizmlerini talap edýär.
Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň kuwwatyny doly derejede ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, tebigy mirasy gorap saklamak hem-de ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. “Bütindünýä mirasynyň “Aram guşaklygynyň Turan çölleri” transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam berýändiginiň aýdyň mysalydyr.
BMG-niň ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda tebigy prosesleri ylmy esasda öwrenmek, suw hem-de deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak we ekologik gözegçiligiň usullaryny kämilleşdirmek ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi möhüm hasaplaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bioköpdürlüligi goramak ulgamynda ählumumy maksatlary gazanmak üçin BMG-niň ulgamynyň ylmy, bilermenlik we institusional mümkinçiliklerini doly derejede ulanmagyň zerurdygyna berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz tebigaty goramak boýunça halkara borçnamalaryny berjaý etmek üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmeginiň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygyny belläp, ösüp barýan ýurtlaryň maliýe serişdelerine we döwrebap tehnologiýalara elýeterliliginiň üpjün edilmeginiň, milli kuwwatyň pugtalandyrylmagynyň, şeýle hem genetiki serişdeleri ulanmakdan alynýan bähbitleriň adalatly we deňhukukly paýlanylmagynyň, şol sanda olaryň yzygiderliligi baradaky sanly maglumatlaryň möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
“BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygy we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi dowam eder. Hususan-da, biz yzygiderli syýasy we bilermenlik hyzmatdaşlygyny alyp barmak, anyk başlangyçlary ilerletmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin açyk köptaraply meýdança hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek ugrunda çykyş edýäris.
Çölleşmä garşy göreşmäge we gurak sebitleriň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu ugurlara ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn halkara tagallalaryň möhüm bölegi hökmünde garaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň ösüp barýan ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini hem-de özboluşly zerurlyklaryny nazara almazdan, ählumumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň mümkin däldigine berk ynanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda hem-de Awaza syýasy Jarnamasynda berkidilen çözgütleriň aýratyn ähmiýetini belledi.
Döwlet Baştutanymyz howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa bilen baglanyşykly maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, tebigaty goramak boýunça döwrebap we sanly tehnologiýalary paýlaşmak, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnukly infrastrukturany ösdürmek maksady bilen, halkara goldawyň işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, şunda adalatlylyk, raýdaşlyk we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça halkara tagallalaryň esasyny düzmelidigini nygtady.
“Bu ugurda umumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň bähbidine döwletleriň bilimlerini we mümkinçiliklerini, toplan tejribesini birleşdirmäge mümkinçilik berýän köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleri, şol sanda Günorta — Günorta ugry boýunça özara gatnaşyklar möhüm orun eýelemelidir” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň taraplarynyň geçiriljek 17-nji maslahatynyň kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşmaça itergi bermelidigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, syýasy erkiň, ylmy maglumatlaryň hem-de amaly mümkinçilikleriň birleşdirilmeginiň häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine Ýer ýüzüniň tebigy mirasyny gorap saklamaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň jemleri boýunça Ýerewan Jarnamasy kabul edildi.
Ermenistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Ýerewan şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
PDF








