21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatda energetika bazarynyň ösüşindäki ählumumy ýagdaýlara we hyzmatdaşlygyň geljegi, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek arkaly, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek boýunça ozaldan bar bolan nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamak, täzelerinde buraw işini işjeňleşdirmek ýaly möhüm meselelere garaldy.

«Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygary astynda geçýän halkara maslahatyň “Türkmenistanyň energetika strategiýasy: sebitara arabaglanyşyk we halkara hyzmatdaşlygy” atly plenar mejlisinde tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we energiýa serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmakda eýeleýän orny aýratyn nygtaldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatynyň we energetika strategiýasynyň sebitde energetika serişdeleriniň durnukly üpjünçiligini gazanmakda, özara bähbitli işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmakda uly ähmiýete eýedigini bellediler.

Halkara maslahatyň “Dünýä energetikasynyň geljegi: taslamalar, tehnologiýalar we ösüş” atly plenar mejlisinde dünýäniň energetika pudagynyň häzirki ýagdaýyna seljerme berlip, üýtgeýän geosyýasy şertlerde hyzmatdaşlyk üçin açylýan täze mümkinçiliklere üns çekildi. Häzirki tehnologiýalaryň we ylmyň ösen döwründe nebit çig malynyň, nebit önümleriniň sarp edilişi barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän, ýokary goşmaça bahaly dürli görnüşli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürýän, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Soňra halkara forum panel maslahatlary bilen dowam etdi. «Sebitleýin energetika we infrastruktura baglanyşygy: eksport ugurlaryny we uzak möhletleýin bazarlary ösdürmek» atly mejlisde maýa goýumlary hem-de innowasiýalary çekmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Öňdebaryjy kompaniýalaryň wekilleri hem-de bilermenler Türkmenistanyň energetika we nebithimiýa pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyz ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ösdürmäge uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, mineral dökünleriň, polimerleriň we beýleki himiýa önümleriniň önümçiligi bilen baglanyşykly taslamalaryň ähmiýeti nygtaldy.

«Türkmenistanda halkara energetika hyzmatdaşlygynyň ösüşi» atly mejlisde çykyş edenler Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilen taslamalar we olaryň innowasion hem-de ekologiýa aýratynlyklary barada durup geçdiler. Türkmenistan sanly tehnologiýalar, häzirki zaman enjamlary hem-de programma üpjünçiligi arkaly nebiti we tebigy gazy gaýtadan işleýän, geljekde uly mümkinçilikleri bolan senagat, şol sanda Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny hem-de iri «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegi işjeňleşdirýän döwrebap toplumlary gurup, dünýä bazaryna energiýa serişdelerini eksport etmekde ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň geljekki ösüş meýilnamalary ekologik ugurlar bilen berk baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzda tebigy serişdeler rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak barada yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça möhüm halkara başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň güwäsidir.

«Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşi: maýa goýumlar, infrastruktura we geljekki ösüş mümkinçilikleri» atly mejlisde pes uglerodly energiýa elýeterlilik, Türkmenistanyň tebigy gazynyň eksportynyň geljegi, “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýan işler ýaly, ýurdumyz üçin möhüm meselelere aýratyn ähmiýet berildi. Şeýle hem tehnologiýalaryň özgerýän we howanyň üýtgeýän şertlerinde energetika pudagyny durnukly ösdürmegiň, daşky gurşawa ýaramaz täsirleri azaltmakda amaly çözgütleri işläp taýýarlamagyň hem-de öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gün, halkara maslahatyň ikinji gününde «Hazar deňziniň türkmen böleginde maýa goýum we ösüş mümkinçilikleri», «Tebigy gazyň ýokary goşmaça gymmatlyga eýe bolan önümlere öwrülmegi, gazhimiýa senagatynyň ösüşi we senagat gymmatyny artdyrmak» hem-de «Energetikanyň geljegi üçin hünärmenleri taýýarlamak, tehnologiýalar, sanly özgertmeler we emeli aň mümkinçiliklerinden peýdalanmak» atly mejlisler, şeýle hem utgaşykly görnüşde Nebit inženerleri jemgyýetiniň (SPE) ýolbaşçylarynyň «tegelek stol» duşuşygy geçiriler. Şeýle-de, ýurdumyzyň degişli düzümleriniň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekiler.

Halkara maslahatyň üçünji gününde – ertir metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýa netijeliligi we energetikanyň durnukly ösüş ugurlaryna aýratyn üns çekiler. Şeýle hem «Türkmenistan — Malaýziýa: energetika boýunça hyzmatdaşlyk» atly «tegelek stol» duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiriljek metbugat maslahatynda halkara maslahatyň we serginiň jemlerine giňişleýin garalar.