Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT – 2026) atly 31-nji halkara maslahaty we sergisi ýurdumyzyň energetika pudagynyň ösüşinde hem-de halkara hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmeginde möhüm waka bolup durýar. Bu abraýly çäre ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak, nebitgaz senagatyna döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmak babatda alnyp barylýan işleriň halkara derejesindäki ähmiýetini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahatyň we serginiň her ýyl geçirilmegi ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu halkara forum nebit-gaz pudagynda gazanylýan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligine ýetirmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan ägirt uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolan döwletleriň biri hökmünde dünýäniň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak, ony gaýtadan işlemek, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we täze halkara energetika taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda «Galkynyş» gaz käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, şeýle hem hereket edýän halkara gaz geçirijileri strategik ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň diňe çig mal öndürmäge däl, eýsem, ýokary goşulan gymmaty bolan önümleri öndürmäge gönükdirilmegi aýratyn bellärliklidir. Tebigy gazy we nebiti gaýtadan işleýän döwrebap senagat toplumlarynyň ösdürilmegi, gazhimiýa önümleriniň görnüşleriniň artdyrylmagy hem-de innowasion tehnologiýalaryň önümçilige giňden ornaşdyrylmagy milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Häzirki döwürde dünýä energetika ulgamynda ekologik howpsuzlyk, energiýa serişdelerinden tygşytly peýdalanmak we daşky gurşawa ýetirilýän täsiri azaltmak meseleleri aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Türkmenistan hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Nebitgaz önümçiliginde ekologik talaplaryň berjaý edilmegi, metan zyňyndylarynyň azaldylmagy, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagy we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçilikleriniň öwrenilmegi durnukly ösüşiň möhüm şertleridir.
Güljeren GURBANMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
PDF








