Dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşinde sanly tehnologiýalaryň, aýratyn-da emeli aňyň eýeleýän orny barha ýokarlanýar. Ylmy-tehniki ösüşiň täze mümkinçilikleri diňe bir ykdysadyýetde, senagatda, bilimde we saglygy goraýyşda däl, eýsem, halkara gatnaşyklarda hem düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagyna şert döredýär. Şeýle şertlerde innowasion tehnologiýalaryň adamzadyň parahatçylykly ösüşine, döwletleriň arasyndaky ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine hyzmat etmegini üpjün etmek möhüm wezipeleriň birine öwrülýär.
15-nji oktýabrda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitinde hormatly Prezidentimiziň öňe süren täze halkara başlangyjy hem hut şu möhüm wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz sammitde eden çykyşynda halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksini işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu teklip ýurdumyzyň häzirki zaman dünýä ösüşiniň esasy ugurlaryna oýlanyşykly çemeleşýändigini, tehnologik ösüş bilen halkara howpsuzlygynyň arasynda sazlaşygy üpjün etmäge uly ähmiýet berýändigini aýdyň görkezýär.
Döwlet Baştutanymyzyň Baku sammitinde öňe süren başlangyjy hem bu ugurdaky işleriň mynasyp dowamydyr. Çünki emeli aň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşine, döwlet dolandyryşynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, maglumatlaryň seljerilmegine, çylşyrymly meseleleriň çözülmegine we diplomatik işiň kämilleşdirilmegine täze mümkinçilikleri açýar. Şol bir wagtda, bu tehnologiýalary ulanmagyň hukuk, ahlak we howpsuzlyk meseleleri hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Emeli aňyň halkara gatnaşyklarda ulanylmagy maglumatlary tiz seljermäge, dürli döwletleriň ykdysady we durmuş ösüşine degişli görkezijileri öwrenmäge, halkara gepleşikleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga, şeýle hem dünýäde bolup geçýän özgertmelere ylmy taýdan baha bermäge ýardam edip biler. Emma şeýle tehnologiýalaryň ulanylyşynda açyklygyň, jogapkärçiligiň, maglumat howpsuzlygynyň we döwletleriň deňhukuklylygynyň üpjün edilmegi zerurdyr. Sebäbi tehnologiýanyň ösüşi adamzadyň umumy bähbitlerine hyzmat eden ýagdaýynda hakyky gymmata eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda emeli aňyň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalaryň ykdysadyýeti ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de diplomatik gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi. Şol bir wagtyň özünde olaryň ulanylmagynyň halkara hukuga, ynanyşmaga we ähli döwletleriň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan jogapkärçilikli çemeleşmäni talap edýändigine aýratyn ünsi çekdi.
Şu nukdaýnazardan, halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly peýdalanmak boýunça Halkara kodeksini işläp taýýarlamak baradaky teklip aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle resminamanyň işlenip taýýarlanylmagy emeli aň tehnologiýalaryny halkara diplomatik işinde ulanmagyň umumy ýörelgelerini kesgitlemäge, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga, maglumatlaryň ygtybarlylygyny üpjün etmäge we sanly tehnologiýalaryň jogapkärli peýdalanylmagy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edip biler.
Bu başlangyjyň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem onuň öňüni alyş häsiýetine eýe bolmagydyr. Häzirki wagtda emeli aňyň ösüş depgini örän ýokary bolup, onuň ulanylyş ugurlary yzygiderli artýar. Şonuň üçin hem täze tehnologiýalaryň halkara gatnaşyklarda döredip biljek töwekgelçiliklerine öňünden baha bermek, olaryň öňüni almagyň hukuk we ahlak esaslaryny kesgitlemek aýratyn zerurdyr. Türkmenistanyň teklibi bu meseleleriň halkara derejesinde bilelikde ara alnyp maslahatlaşylmagyna mümkinçilik döredýän möhüm başlangyç hökmünde çykyş edýär.
Sammitde öňe sürlen bu teklip Türkmenistanyň sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy başlangyçlarynyň geriminiň barha giňelýändigini görkezýär. Çünki häzirki döwrüň çylşyrymly meseleleri diňe bir aýratyn döwletleriň tagallalary bilen däl, eýsem, halkara jemgyýetçiliginiň utgaşykly hereketleri arkaly çözülip bilner. Emeli aňyň howpsuz we parahatçylykly ulanylmagy hem şeýle umumy tagallalary talap edýän ugurlaryň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksini işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy häzirki döwrüň möhüm talaplaryna laýyk gelýän, geljege gönükdirilen ähmiýetli teklipdir. Ol ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny parahatçylygyň, howpsuzlygyň, ynanyşmagyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirmek baradaky asylly maksatlary özünde jemleýär.
Türkmenistanyň bu başlangyjy döwletimiziň halkara giňişlikde parahatçylyk döredijilikli, ynsanperwer we öňdengörüjilikli syýasaty yzygiderli alyp barýandygyny görkezmek bilen, täze tehnologik eýýamda hem özara hormat goýmak, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň mizemez ähmiýete eýedigini aýdyň tassyklaýar.
Äşe GUBAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
PDF








