21-23-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» (OGT 2026) halkara maslahaty we sergisi diňe bir energetika pudagynyň netijelerini jemlemän, eýsem sebitiň we dünýäniň energetika gelejegini kemala getirýän möhüm platforma öwrüldi. Söwda-senagat palatasynyň binasynda guralýan bu forum energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy, täze tehnologik çözgütleri we maýa goýum mümkinçiliklerini özünde jemleýär. 31-nji gezek geçirilýän halkara forumda «Energiýa. Hyzmatdaşlyk. Ösüş» şygarynyň saýlanyp alynmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Serginiň çäginde guralan Tanyşdyryş zolagy gatnaşyjy kompaniýalar üçin öz döwrebap tehnologiýalaryny, önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrmaga ýörite şert döretdi. Bu zolak sergä gatnaşyjylar we hünärmenler üçin tejribe alyşmaga, täze taslamalar bilen ýakyndan tanyşmaga, aragatnaşygy ýola goýmaga  giň ýol açdy.

Halkara forum diňe bir maglumat paýlaşmak bilen çäklenmän, eýsem halkara hyzmatdaşlar bilen tehnologiýa üpjünçileriniň arasynda geljekki işjeň gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň düýbüni tutmaga mümkinçilik berýär.

Forumyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklar halkara maýadarlar we kompaniýalar üçin Türkmenistanyň nebit-gaz, maliýe, himiýa we energetika pudaklarynyň wekilleri bilen göni gepleşikleri geçirmäge şert döretdi. Bu duşuşyklarda senagat ösüşiniň talaplary, enjamlaryň üpjünçiligi, tehniki hyzmatlar we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge hem gönükdirýär.

Bu forum ýurdumyzyň diňe bir uly tebigy gaz gorlaryna eýe bolan ýurt hökmünde däl, eýsem global energetika gepleşikleriniň we halkara hyzmatdaşlygyň işjeň meýdançalarynyň biri hökmünde çykyş edýändigini görkezýär. “OGT 2026” ýaly halkara maslahatlar hem-de sergiler ýurdumyzyň nebit-gaz pudagynyň gelejegi üçin uly ähmiýete eýedir.

Halkara kompaniýalaryň teklip edýän täze senagat çözgütleri we sanly tehnologiýalary önümçiligiň netijeliligini artdyrmaga ýardam edýär. Durmuşa geçirilýän täze taslamalar ýurdumyzyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.

Forumda daşary ýurtly wekiller we döwlet edaralary göni aragatnaşyk saklap, uzak möhletleýin hem-de özara bähbitli şertnamalary baglaşmaga mümkinçilik alýarlar.

Bu çäreler Türkmenistanyň energetika ulgamyny durnukly ösdürmäge we dünýä bazaryndaky ornuny berkitmäge hyzmat edýän möhüm platformadyr. Bu platforma gelejekde ýurduň senagat mümkinçiliklerini artdyrmaga uly goşant goşar.

Oguljan Garaýewa, Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.