Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan baý taryhy, özboluşly medeniýeti we dünýä nusgalyk milli gymmatlyklary bar. Şol gymmatlyklaryň arasynda türkmen alabaýy aýratyn orun eýeleýär. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepaly hemrasy, öý-ojagynyň ygtybarly goragçysy, mertligiň we gaýduwsyzlygyň nusgasy bolup gelen türkmen alabaýy bu gün milli buýsanjymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy hem bu ajaýyp tohuma, itşynaslyk däplerine goýulýan belent hormatyň aýdyň beýanydyr. Türkmen alabaýy – taryhyň uzak menzillerinden biziň günlerimize gelip ýeten, halkymyzyň durmuş ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşykly gadymy it tohumlarynyň biridir. Ol türkmeniň giň sähralarynda, dag eteklerinde, öri meýdanlarynda kemala gelip, tebigatyň çylşyrymly şertlerine uýgunlaşan çydamlylygy, güýç-kuwwaty, duýgurlygy we eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýar. Türkmen alabaýy diňe bir güýç-kuwwatyň däl, eýsem, ynamyň, dostlugyň we wepalylygyň hem janly keşbidir.
Türkmen alabaýynyň baýramynyň döwlet derejesinde bellenilmegi milli mirasymyzy gorap saklamak, ony ylmy esasda öwrenmek, arassa ganly alabaý tohumyny ösdürip ýetişdirmek we dünýäde giňden tanatmak babatda möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň degişli Permanyna laýyklykda, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär.
Her bir halkyň milli häsiýetini açyp görkezýän gymmatlyklary bolýar. Türkmen halkynyň durmuşynda ahalteke bedewi gözelligiň, ýyndamlygyň we asyllylygyň nyşany hökmünde sarpalanýan bolsa, türkmen alabaýy mertligiň, edermenligiň we wepalylygyň nusgasy hökmünde aýratyn gadyr-gymmata eýedir.
Alabaýyň giň döşli, berk bedenli hem-de haýbatly keşbi onuň tebigy güýjüni alamatlandyrýar. Emma bu ajaýyp tohumyň hakyky gymmaty diňe daşky keşbinde däl, eýsem, onuň häsiýetindäki wepalylykda, duýgurlykda we goragçylyk ukybynda jemlenýär. Türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek bilen bagly däpler halkymyzyň baý tejribesiniň möhüm bölegidir. Asyrlaryň dowamynda alabaýlaryň tohum aýratynlyklaryny saklamak, olaryň tebigy häsiýetlerini ösdürmek we nesilden-nesle geçirmek boýunça özboluşly tejribe toplanypdyr. Häzirki döwürde bu ugurdaky däpleri ylmy esasda öwrenmek, tohumçylyk işini kämilleşdirmek, weterinariýa hyzmatlaryny ösdürmek we halkara tejribeleri özleşdirmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri hem milli itşynaslyk däplerini ösdürmek we türkmen alabaýyny dünýäde tanatmak bilen baglanyşyklydyr. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigi bu ugurdaky möhüm çäreleriň biridir.
Türkmen alabaýynyň keşbi halkymyzyň çeper döredijiliginde hem mynasyp ornuny tapýar. Suratkeşleriň eserlerinde, heýkeltaraşlyk sungatynda, edebiýatda we beýleki döredijilik ugurlarynda alabaýyň gaýduwsyzlygy, gözelligi hem-de wepalylygy çeper beýan edilýär. Türkmen alabaýyna bagyşlanan döredijilik eserleri halkymyzyň bu milli gymmatlyga bolan çäksiz söýgüsiniň aýdyň beýanydyr. Bu baýram bize müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýelän alabaýyň diňe bir geçmişiň mirasy bolman, eýsem, şu günümiziň buýsanjy we geljekki nesillere ýetirmeli gymmatly baýlygymyzdygyny ýatladýar. Türkmen alabaýyny gorap saklamak, onuň arassa tohumyny ösdürmek, milli itşynaslyk däplerini kämilleşdirmek we dünýäde giňden tanatmak umumymilli ähmiýetli asylly işdir.
Asyrlar aşsa-da, türkmen alabaýynyň eýesine bolan wepasy, mertligi we gaýduwsyzlygy baradaky düşünjeler halkymyzyň kalbynda ýaşaýar. Çünki alabaý – türkmeniň öý-ojagynyň goragçysy, ynsan bilen tebigatyň arasyndaky wepaly dostlugyň nyşany, milli ruhuň janly keşbidir.
Şabibi HALBAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
PDF








