Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan dünýä döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge hem-de milli ykdysadyýetimiziň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda abraýly halkara sergilere gatnaşmak ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini, önümçilik kuwwatyny we maýa goýum babatdaky özüne çekijiligini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmagyň möhüm serişdeleriniň biri bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek «Hytaý halkara import EXPO» sergisine Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy hem bu ugurda möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde halkara söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegi, täze bazarlaryň özleşdirilmegi, önüm öndürijiler bilen sarp edijileriň arasynda ygtybarly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunda halkara sergiler we ykdysady forumlar döwletleriň, iri kompaniýalaryň, telekeçileriň hem-de maýa goýujylaryň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döredýär.
Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilýän Hytaý halkara import sergisi – «China International Import Expo (CIIE)» dünýäniň dürli ýurtlarynyň önümlerini, hyzmatlaryny we ykdysady mümkinçiliklerini tanyşdyrýan iri halkara çäreleriň biridir. Bu serginiň esasy aýratynlygy daşary ýurt öndürijilerine Hytaýyň giň sarp ediş bazaryna çykmak, täze işewür hyzmatdaşlary tapmak we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin mümkinçilik döretmegidir.
Türkmenistanyň bu abraýly sergä milli pawilýony bilen gatnaşmagy ýurdumyzyň dünýä ykdysady giňişligindäki ornuny pugtalandyrmak, milli önümlerimiziň halkara bazarlarda tanalmagyny gazanmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklary giňeltmek babatda ähmiýetli başlangyçdyr.
Şanhaý şäherindäki Milli sergi we maslahatlar merkezinde 5–10-njy noýabrda Hytaý halkara import sergisi dokuzynjy gezek geçiriler. Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, bu ýylky sergä 162 ýurtdan, sebitden we halkara guramadan gatnaşyjylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Serginiň meýdany 440 müň inedördül metrden geçýär. Türkmenistanyň milli pawilýonyny guramak boýunça taýýarlyk işleri hem alnyp barylýar.
Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetinde üstünlik gazanmagyň möhüm şertleriniň biri halkara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşmakdan, täze bazarlary özleşdirmekden we milli önümçiligiň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň Hytaý halkara import sergisine milli pawilýony bilen gatnaşmagy hem hut şu maksatlara hyzmat edýär. Bu abraýly çäre ýurdumyzyň eksport kuwwatyny giňeltmek, daşary ýurtly maýa goýujylar bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek, milli önümlerimiziň dünýä bazarlarynda tanalmagyny ýokarlandyrmak we türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin möhüm mümkinçilikleri açar.
Nargül ANNAGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
PDF








