Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak, biologik dürlüligi saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak we ekologik howpsuzlygy üpjün etmek dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde duran möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Howanyň üýtgemegi, çölleşmek, ýerleriň zaýalanmagy, suw serişdeleriniň azalmagy we tebigy ekoulgamlaryň bozulmagy ýaly meseleler döwletleriň arasynda giň gerimli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň tebigy mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen halkara başlangyçlaryň ähmiýeti barha ýokarlanýar.
16-njy oktýabrda Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Biologik dürlülik hakyndaky konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 17-nji maslahatynyň (COP17) çäklerinde geçirilen Liderler sammitine hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy ýurdumyzyň halkara ekologik hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýandygyny görkezýän möhüm wakalaryň biri boldy.
Bu ýokary derejeli duşuşyk biologik dürlüligi gorap saklamak, tebigy ekoulgamlary dikeltmek, daşky gurşawa abanýan howplaryň öňüni almak we kabul edilen halkara borçnamalaryny amaly işler arkaly durmuşa geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda Türkmenistanyň biologik dürlüligi goramak boýunça halkara tagallalary yzygiderli goldaýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz biologik dürlüligiň azalmagy, howanyň üýtgemegi, çölleşmek we ýerleriň zaýalanmagy ýaly meseleleriň özara berk baglanyşyklydygyny, olaryň döwletleriň ekologik howpsuzlygyna we durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini belledi.
Bu meseleler häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki tebigat adamzat ýaşaýşynyň, ykdysady ösüşiň, azyk howpsuzlygynyň we jemgyýetçilik abadançylygynyň esasy çeşmesidir. Biologik dürlüligiň goralmagy diňe bir haýwanat we ösümlik dünýäsiniň görnüşlerini saklamak bilen çäklenmän, eýsem, tebigy deňagramlylygy üpjün etmäge, suw we ýer serişdelerini goramaga, ekoulgamlaryň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga hem hyzmat edýär.
Türkmenistan özboluşly tebigy şertleri, baý haýwanat we ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýar. Garagum sährasy, Köpetdagyň we Köýtendagyň dag ulgamlary, Hazar deňziniň kenarýaka sebitleri ýurdumyzyň tebigy mirasynyň möhüm böleklerini emele getirýär. Bu ýerlerde duş gelýän seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri gorap saklamak, olaryň ýaşaýyş gurşawyny dikeltmek hem-de tebigy ekoulgamlaryň durnuklylygyny üpjün etmek uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Liderler sammitinde Türkmenistanyň biologik dürlüligi goramak babatdaky ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Olaryň hatarynda aýratyn goralýan tebigy ýerleriň milli ulgamyny kämilleşdirmek, ekologik gözegçiligi ösdürmek, seýrek duş gelýän haýwanlaryň we ösümlikleriň goragyny güýçlendirmek möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda Türkmenistanyň biologik dürlüligini gorap saklamak boýunça 2026 – 2035-nji ýyllar üçin Milli strategiýasynyň we Hereketler meýilnamasynyň ähmiýeti uludyr.
Hormatly Prezidentimiz sammitde Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetine hem aýratyn ünsi çekdi. Hususan-da, ÝUNESKO bilen tebigy mirasy goramak we ylmy barlaglary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti nygtaldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara ekologik borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin zerur şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny belledi. Ösüp barýan döwletleriň maliýe serişdelerine, döwrebap tehnologiýalara we ylmy-tehniki mümkinçiliklere elýeterliligini giňeltmek biologik dürlüligi goramak boýunça ählumumy maksatlara ýetmegiň möhüm şertleriniň biridir.
Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda öňe sürlen möhüm ugurlaryň biri hem Aşgabat howa dialogyny döretmek baradaky başlangyç boldy. Bu başlangyç howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri yzygiderli ara alyp maslahatlaşmak, syýasy we bilermenler derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek, amaly başlangyçlary öňe sürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin açyk köptaraplaýyn meýdançany döretmäge gönükdirilendir.
Tebigata aýawly çemeleşmek türkmen halkynyň asyrlarboýy kemala gelen milli gymmatlyklarynyň hem aýrylmaz bölegidir. Ata-babalarymyz tebigatyň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmagy, suwy tygşytlamagy, agaç ekmegi we daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamagy möhüm ýörelgeler hökmünde nesilden-nesle geçiripdirler. Häzirki döwürde bu asylly däpler ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary bilen utgaşdyrylyp, täze mazmuna eýe bolýar.
Ýurdumyzda we halkara derejesinde alnyp barylýan tebigaty goraýyş işleriniň esasy maksady adam bilen tebigatyň sazlaşygyny üpjün etmekden, planetamyzyň baý biologik dürlüligini gorap saklamakdan we geljekki nesillere ekologik taýdan abadançylykly dünýäni miras galdyrmakdan ybaratdyr.
Tirkeş JUMADURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.
PDF








