Dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ösü­şin­de san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, aý­ra­tyn-da eme­li aňyň eýe­le­ýän or­ny bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri di­ňe bir yk­dy­sa­dy­ýet­de, se­na­gat­da, bi­lim­de we sag­ly­gy go­ra­ýyş­da däl, eý­sem, hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da hem düýp­li öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na şert dö­red­ýär. Şeý­le şert­ler­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň adam­za­dyň pa­ra­hat­çy­lyk­ly ösü­şi­ne, döw­let­le­riň ara­syn­da­ky yna­nyş­ma­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň gi­ňel­dil­me­gi­ne hyz­mat et­me­gi­ni üp­jün et­mek mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­ne öw­rül­ýär.
15-nji okt­ýabr­da Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ba­ku şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Azi­ýa­da hyz­mat­daş­ly­gy we yna­nyş­ma­gy ber­kit­me­giň çä­re­le­ri Ge­ňe­şi­niň VII sam­mi­tin­de hormatly Prezidentimiziň öňe sü­ren tä­ze hal­ka­ra baş­lan­gy­jy hem hut şu mö­hüm we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len­dir. Döwlet Baştutanymyz sam­mit­de eden çy­ky­şyn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da we dip­lo­ma­ti­ýa­da eme­li aňy pa­ra­hat­çy­lyk­ly ulan­mak bo­ýun­ça Hal­ka­ra ko­dek­si­ni iş­läp taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sür­di. Bu tek­lip ýur­du­my­zyň hä­zir­ki za­man dün­ýä ösü­şi­niň esa­sy ugur­la­ry­na oý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­ýän­di­gi­ni, teh­no­lo­gik ösüş bi­len hal­ka­ra howp­suz­ly­gy­nyň ara­syn­da saz­la­şy­gy üp­jün et­mä­ge uly äh­mi­ýet ber­ýän­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Ba­ku sam­mi­tin­de öňe sü­ren baş­lan­gy­jy hem bu ugur­da­ky iş­le­riň my­na­syp do­wa­my­dyr. Çün­ki eme­li aň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­ne, döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na, mag­lu­mat­la­ryň sel­je­ril­me­gi­ne, çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne we dip­lo­ma­tik işiň kä­mil­leş­di­ril­me­gi­ne tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Şol bir wag­tda, bu teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ulan­ma­gyň hu­kuk, ah­lak we howp­suz­lyk me­se­le­le­ri hem aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.
Eme­li aňyň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da ula­nyl­ma­gy mag­lu­mat­la­ry tiz sel­jer­mä­ge, dür­li döw­let­le­riň yk­dy­sa­dy we dur­muş ösü­şi­ne de­giş­li gör­ke­zi­ji­le­ri öw­ren­mä­ge, hal­ka­ra gep­le­şik­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, şeý­le hem dün­ýä­de bo­lup geç­ýän öz­gert­me­le­re yl­my taý­dan ba­ha ber­mä­ge ýar­dam edip bi­ler. Em­ma şeý­le teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­ny­ly­şyn­da açyk­ly­gyň, jo­gap­kär­çi­li­giň, mag­lu­mat howp­suz­ly­gy­nyň we döw­let­le­riň deň­hu­kuk­ly­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi ze­rur­dyr. Se­bä­bi teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösü­şi adam­za­dyň umu­my bäh­bit­le­ri­ne hyz­mat eden ýag­da­ýyn­da ha­ky­ky gym­ma­ta eýe bol­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sam­mit­de eden çy­ky­şyn­da eme­li aňyň we beý­le­ki öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­mek, döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de dip­lo­ma­tik gu­ral­la­ry kä­mil­leş­dir­mek üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şol bir wag­tyň özün­de ola­ryň ula­nyl­ma­gy­nyň hal­ka­ra hu­ku­ga, yna­nyş­ma­ga we äh­li döw­let­le­riň bäh­bit­le­ri­ni na­za­ra al­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­mä­ni ta­lap ed­ýän­di­gi­ne aý­ra­tyn ün­si çek­di.
Şu nuk­daý­na­zar­dan, hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da we dip­lo­ma­ti­ýa­da eme­li aňy pa­ra­hat­çy­lyk­ly peý­da­lan­mak bo­ýun­ça Hal­ka­ra ko­dek­si­ni iş­läp taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky tek­lip aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Şeý­le res­mi­na­ma­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny hal­ka­ra dip­lo­ma­tik işin­de ulan­ma­gyň umu­my ýö­rel­ge­le­ri­ni kes­git­le­mä­ge, döw­let­le­riň ara­syn­da öza­ra yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, mag­lu­mat­la­ryň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mä­ge we san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň jo­gap­kär­li peý­da­la­nyl­ma­gy ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge ýar­dam edip bi­ler.
Bu baş­lan­gy­jyň mö­hüm aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri hem onuň öňü­ni alyş hä­si­ýe­ti­ne eýe bol­ma­gy­dyr. Hä­zir­ki wagt­da eme­li aňyň ösüş dep­gi­ni örän ýo­ka­ry bo­lup, onuň ula­ny­lyş ugur­la­ry yzy­gi­der­li artýar. Şo­nuň üçin hem tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da dö­re­dip bil­jek tö­wek­gel­çi­lik­le­ri­ne öňün­den ba­ha ber­mek, ola­ryň öňü­ni al­ma­gyň hu­kuk we ah­lak esas­la­ry­ny kes­git­le­mek aý­ra­tyn ze­rur­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň tek­li­bi bu me­se­le­le­riň hal­ka­ra de­re­je­sin­de bi­le­lik­de ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ma­gy­na müm­kin­çi­lik dö­red­ýän mö­hüm baş­lan­gyç hök­mün­de çy­kyş ed­ýär.
Sam­mit­de öňe sür­len bu tek­lip Türk­me­nis­ta­nyň se­bit we äh­lu­mu­my de­re­je­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len da­şa­ry sy­ýa­sy baş­lan­gyç­la­ry­nyň ge­ri­mi­niň bar­ha gi­ňel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Çün­ki hä­zir­ki döw­rüň çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri di­ňe bir aý­ra­tyn döw­let­le­riň ta­gal­la­la­ry bi­len däl, eý­sem, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ut­ga­şyk­ly he­re­ket­le­ri ar­ka­ly çö­zü­lip bil­ner. Eme­li aňyň howp­suz we pa­ra­hat­çy­lyk­ly ula­nyl­ma­gy hem şeý­le umu­my ta­gal­la­la­ry ta­lap ed­ýän ugur­la­ryň bi­ri­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da we dip­lo­ma­ti­ýa­da eme­li aňy pa­ra­hat­çy­lyk­ly u­lan­mak bo­ýun­ça Hal­ka­ra ko­dek­si­ni iş­läp taý­ýar­la­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän, gel­je­ge gö­nük­di­ri­len äh­mi­ýet­li tek­lip­dir. Ol yl­my-teh­ni­ki ösü­şiň ga­za­nan­la­ry­ny pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­mek ba­ra­da­ky asyl­ly mak­sat­la­ry özün­de jem­le­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň bu baş­lan­gy­jy döw­le­ti­mi­ziň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li, yn­san­per­wer we öň­den­gö­rü­ji­lik­li sy­ýa­sa­ty yzy­gi­der­li alyp bar­ýan­dy­gy­ny gör­kez­mek bi­len, tä­ze teh­no­lo­gik eý­ýam­da hem öza­ra hor­mat goý­mak, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­niň mi­ze­mez äh­mi­ýe­te eýe­di­gi­ni aý­dyň tas­syk­la­ýar.

Äşe GUBAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.