23-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň standartlaşdyryş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda bu ulgamy kämilleşdirmek we bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de döwrebap standartlary giňden ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijeliligini has-da artdyrmak maksady bilen, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmek, döwrebap standartlary giňden ornaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.