23-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynda halkara kadalara laýyk gelýän döwrebap hyzmatlary ýola goýmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi hem-de halkara howa menzillerinde döredilen häzirki zaman şertleri dürli daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýär we hyzmatlardan peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmakda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de halkara kadalara laýyk gelýän döwrebap hyzmatlary ýola goýmaga aýratyn üns berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF








