Left to right: Hound, Bingbing Li plays Su Yueming, Stanley Tucci plays Joshua Joyce, Bumblebee, Jack Reynor plays Shane Dyson, Nicola Peltz plays Tessa Yeager, Mark Wahlberg plays Cade Yeager, Optimus Prime, Drift, and Crosshairs in TRANSFORMERS: AGE OF EXTINCTION, from Paramount Pictures.

Dünýä belli “Transformerler” (Transformers) atly meşhur filmler toplumynyň hataryna 8-nji kinosy hem goşular. Bu barada “Paramount Pictures” studiýasy tarapyndan resmi beýanat berildi. Täze filme başdaky 5 kinony surata düşüren Maýkl Beýiň režissýorlyk eder. Şol bir wagtyň özünde filmiň esasy ýerine ýetiriji prodýuserleriniň biri-de ussat režissýor Stiwen Spilberg bolar. Filmiň ssenarisini ýazmak Jeýson Fuksa tabşyryldy. Täze filmde kimleriň surata düşjekdigi häzirlikçe belli bolman, onuň ekranlara çykaryljak wagty hem doly kesgitlenmedi.

“Transformerler” filmleriniň ilkinjisi 2007-nji ýylda ekranlaşdyrylypdy. Şu wagta çenli ekranlara çykan “Transformerler” filmleri üçin 1 milliard 307 million dollar möçberinde çykdajy edilip, 5,3 milliard dollara golaý kassa ýygymyny toplapdy.