Grek arheology Konstantinos Sismanidis özüniň Salonikada geçirilen maslahatynda Aristoteliň çak edilýän guburynyň tapylandygyny habar berdi. Bu barada “The New York Times” habar berýär. Gadymy grek filosofynyň aram tapan ýeri Halkidik ýarym adasyndaky Stagir şäherinde ýüze çykaryldy. Gadymy Makedoniýanyň bu gadymy obasy biziň eýýamymyzyň VI asyrynyň ortalarynda esaslandyrylypdyr. Gadymy aramgäh mermer polly gümmez görnüşli binadan ybarat.
Bu ýer barada gadymy ýazgylarda hem ýatlanyp geçilýär. Şeýle hem arheologlar Aleksandr Makedonskiý döwründe zikgelenen 50 sany şaýy puly we keramiki önümleri hem ýüze çykardylar. Bu ýer Aristoteliň doglan ýeri – Stagirden uzakda bolmadyk ýerden 1996-njy ýylda ýüze çykarylypdy, ýöne şol döwürde onuň filosofa degişlidigi barada anyk maglumat ýokdy. Aristotel biziň eýýamymyzdan öň, 384-nji ýylda Stagirde dünýä inip, şol eýýamyň 323-nji ýylynda aradan çykýar. Filipp II ony Aleksandr Makedonskiniň terbiýeçisi hökmünde belleýär. Aristoteliň eserleri Ýewropanyň orta asyrdaky ylmyna we filosofiýasyna güýçli täsirini ýetiripdir.