Markes Gabriel Garsiýa meşhur kolumb ýazyjysy, žurnalisti, neşirýatçysy, syýasy işgäri we 1982-nji ýylda Nobeliň edebiýat boýunça baýragynyň eýesidir. Ol 1928-nji ýylyň 6-njy martynda Kolumbiýanyň kenarýaka şäheri Arakatakada dünýä inýär. Ol babasynyň we mamasynyň elinde ulalyp, bu welaýatyň rowaýatlary, folklory we halk dili bilen tanyş bolýar. 1940-njy ýylda Kolumbiýanyň paýtagty Bogotadaky kolleže okuwa girýär. Markes kolleži üstünlikli tamamlap, aklawçylyk işine başlaýar, ýöne basym žurnalistikanyň we edebiýatyň hatyrasyna, bu işini goýbolsun edýär. Ol Italiýada we Fransiýada habarçy bolup işleýär, 1957-nji ýylda Kolumbiýa dolanýar, soňra ABŞ-da, Ispaniýada, Kubada we Meksikada ýaşaýar.
Garsiýa Markesiň “Ýere gaçan ýapraklar” (1955) atly powesti onuň döredijilik ukybyna ýol açýar. Bu eseriň yzysüre ol “Polkownige hiç kim ýazanok” (1961), “Oňaýsyz sagat” (1966) we “Ýüz ýyl ýalňyzlyk” (1967) ýaly eserlerini ýazýar. Ýazyjy bu eserlerde özüniň “Jadyly realizm” tärini synagdan geçirýär. Onuň “Uly eneler” (1962) atly hekaýalar ýygyndysy, “Halypanyň güýzi” (1975), “Öňünden habar berlen ölüm hronikasy” (1981), “Mergi wagty söýgi”, “Hasratly günlerimiň ýatlamalary”(2004), “Öz labirintindäki general” (1989) ýaly eserleri ýazyja uly abraý getirýär. Ýazyjy 2014-nji ýylyň 17-nji aprelinde 88 ýaşynyň içinde Mehikodaky öýünde aradan çykýar.
23-nji maýda ХХ asyryň beýik ýazyjysy Gabriel Garsiýany 2 ýyl mundan ozal, aradan çykan ýeri Meksikadaky aram tapan ýerinden Kolumbiýanyň Kartahena şäherine göçürdiler. Dünýä belli eserleriň awtorynyň ýasyna müňlerçe adam gatnaşyp, olaryň arasynda Kolumbiýanyň Prezidenti Huan Manuel Santos hem bar. Ýazyjy ömrüniň köp bölegini Kartahende geçiripdi. Markes başlangyç ýazyjy hökmünde 1948-nji ýylda bu ýere gelip, ýerli gazetde işe durupdy. Ol “Mergi wagty söýgi” romanynda Kolumbiýanyň portunyň adyny ebedileşdirdi we eserdäki wakalar şol ýerde bolup geçýär. Markesi “Jadyly realizm” atly edebi akymyň esaslandyryjysy hökmünde tanaýarlar. Ol ömrüniň soňky günlerinde jemgyýetçilik ýerlerinde görünmegini azaldypdy we ýalňyzlykda ýaşapdy.