Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Gazagystanyň sungat ussatlarynyň «Dostluk ýoly» atly baýramçylyk konserti geçirildi.
Döredijilik duşuşygy Gazagystanyň milli baýramynyň — Respublika gününiň öňüsyrasynda geçirildi. Her ýylyň 25-nji oktýabrynda bellenilýän bu baýram 1990-njy ýylyň şol gününde döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnamanyň kabul edilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Konsetde Gazagystanyň Gaziza Žubanowa adyndaky Aktöbe welaýat filarmoniýasynyň döredijilik toparlary çykyş etdiler. «Dauys» wokal toparynyň gazak halk aýdymlaryny joşgunly ýerine ýetirmegi, «Akku» tans toparynyň milli tans sungatyny ussatlyk bilen görkezmegi, gazak halk saz gurallary orkestriniň çykyşlary tomaşaçylara doganlyk halkyň sungat dünýäsine aralaşmaga mümkinçilik berdi.
Konsertiň iň täsirli pursatlarynyň biri aýdymçy Oral-Kosaý Baýsengiriň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmegi boldy. Türkmen halkynyň beýik şahyrynyň pikirleriniň gazak sungatynyň üsti bilen ýaňlanmagy akyldaryň döredijilik mirasynyň umumadamzat ähmiýetine düşünmäge ýardam etdi. Ahmet Žubanow adyndaky orkestriň çeper ýolbaşçysy Nurken Aşirow türkmen halkynyň «Bibijan» aýdymynyň esasynda döreden «Wariasiýa fantaziýa» atly eserini hödürledi. Şeýle hem türkmen nusgawy saz sungatynyň görnükli wekili Daňatar Öwezowyň «Leýli-Mejnun» operasynyň uwertýurasy ýerine ýetirildi.
Şeýle hem golaýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan «Asyrlaryň içinden: Gazagystanyň taryhy fotosuratlarda» atly sergi aýdyň şaýatlyk etdi. Gazagystanyň Milli merkezi muzeýiniň ýygyndysyndaky arhiw suratlary doganlyk halkyň XIX asyryň ahyrlaryndaky we XX asyryň başlaryndaky durmuşyny, milli egin-eşiklerini, maşgala däplerini we hojalyk ýörelgelerini şöhlelendirýär.
Gazagystanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewiň konsertiň açylyşynda eden çykyşynda hem bellenilişi ýaly, bu çäreler iki ýurduň dostlukly gatnaşyklarynyň we medeni hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini şöhlelendirdi. Şunuň bilen baglylykda, gazak-türkmen medeni gatnaşyklarynyň özboluşly beýany hökmünde 2024-nji ýylda Gazagystanyň paýtagty Astanada türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylandygyny bellemek gerek. Bu waka şahyryň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde aýratyn ähmiýete eýe boldy. Şol ýylyň 10-njy oktýabrynda Aşgabatda gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylmagy hem bu ruhy ýakynlygyň özara berk baglanyşygyny görkezdi. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen bu dabara türkmen-gazak medeni gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi. Şeýle hem Aşgabatdaky Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda meşhur gazak sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň ýerleşdirilmegi-de berk ruhy ýakynlygyň dowamy hökmünde hakydalarda orun aldy.
Gazagystanyň Respublika güni mynasybetli paýtagtymyzda dabaraly ýagdaýda ýaýbaňlandyrylmagy baýramçylygyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.
PDF








