1-2-nji noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde “Koreý medeniýeti hepdeligi – 2026” guralar. Bu medeni çäre 16-17-nji oktýabrda Koreýa Respublikasynda ilkinji gezek geçirilen “Merkezi Aziýa+Koreýa Respublikasy” sammitiniň üstünlikli netijelerini bellemegi maksat edinýär. Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guralýan iki günlük çäre, ýokary tehnologiýalar bilen ýerine ýetirilýän täsin tomaşany we gyzykly medeni sergini öz içine alýar.

Medeni çäräniň ilkinjisi 1-nji noýabrda, sagat 17:00-da, Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda geçiriler. Onda meşhur koreýaly “Saengdonggam Crew” topary yşyklaryň saz we ritm arkaly sazlaşygyny, täsin tans görnüşindäki çykyşy bilen sahnada bolar.
Bu çäre gatnaşmak üçin biletler mugt bolup, biletleri almak üçin Ilçihananyň resmi Instagram sahypasynda “bio” bölüminde ýerleşdirilen Google Form arkaly bellige durmak hökmanydyr; onda her adam üçin iň köp 2 bilet berilýär; (biletler ýüz tutanlaryň yzygiderliligine görä paýlanar).
Biletleri almak: Biletleri 28-nji we 29-njy oktýabr aralygynda (sagat 15:00-dan 18:00-a çenli) ilçihananyň Konsullyk bölüminden alyp bilersiňiz. Biletleri almak üçin hasaba alyş formasyna laýyk gelýän şahsyýetnamany ýa-da pasporty görkezmek zerurdyr.
Medeni sergi çäresi 2-nji noýabrda, sagat 17:00-da “Arkaç” söwda merkezinde (aşaky gat/0-njy gat) geçiriler. Ol ýerde Koreý däp-dessurlary, bilim ulgamy we häzirki zaman şäher durmuşy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýän, täsirli pawilýonlar bolar.
Çärede myhmanlar Merkezi Aziýanyň 5 şäherine bagyşlanan pawilionlar bilen tanyşyp bilerler, “King Sejong” instituty tarapyndan hödürlenýän koreý dili okuwlaryny we “Global Korea Scholarship” (GKS) maksatnamasy arkaly bilim almak mümkinçiliklerini öwrenip bilerler. Şeýle hem, olar “Tuho”, “Jegtçagi” we “Ttakji-çigi” ýaly däp bolan oýunlaryny oýnap bilerler. Mundan başga-da, bu ýerdäki ähli döwletleriň pawilionlaryna baranlara, koreý süýji-kökeleriniň ýörite toplumyny sowgat hökmünde alyp bilerler.