Tennis boýunça Gazagystanda geçirilen erkekleriň arasyndaky “Almaty Açyk ATP 250” ýaryşynda çempion üýtgemedi. Russiýaly Daniil Medwedow finalda gruziýaly Nikoloz Basilaşwilini 3 setde 2:1 (6:7, 6:1, 6:3) hasabynda ýeňip, çempionlygyny goramagy başardy. Medwedew geçen ýyl finalda fransiýaly Korenten Muteni utupdy. Bu ýeňiş goňşy ýurtda kubogy asmana göteren 30 ýaşyndaky tennisçiniň karýerasyndaky 25-nji ATP çempionlygy hökmünde hasaba alyndy.

Fransiýanyň Lion şäherinde geçirilen erkekleriň arasyndaky “Grand Prix Auvergne-Rhone Alpes” tennis ýaryşynda goňşy ýurduň wekili, italiýaly Lorenzo Musetti ýeňiji boldy. Ol finalda amerikaly Teýlor Fritsi 6:3 we 6:4 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu onuň karýerasyndaky 3-nji çempionlygy boldy

Tennis boýunça erkekleriň arasynda Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen “Ýewropa Açyk” bäsleşiginde goňşy ýurt Niderlandlardan Tallon Grikespor ýeňiş gazandy. Ol finalda germaniýaly Ýan-Lennard Ştruffdan 3 setde 4:6, 6:3, 6:4 hasaplar esasynda üstün çykdy. 30 ýaşyndaky Grikespor karýerasyndaky 4-nji ATP kubogyny asmana göterdi.
PDF








