Gadymy Çynma-çyn ýurdundan gözbaş alyp gaýdýan Beýik Ýüpek ýoly onuň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmeginde uly ähmiýete eýe bolmak bilen, halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagyna oňyn täsirini ýetiripdir. Bu ýoluň ugrunda täzä-täze kerwensaraýlardyr bazarlar gurlupdyr, söwda gatnaşyklary giňäpdir.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitaby gadymy kerwen ýolunyň taryhy köklerini yzarlamak bilen, özboluşly nazaryýeti özünde jemleýär. Kitap orta asyr ylmy dünýäsi, irki we soňraky döwürlerde ýazylan kitaplar, olaryň awtorlary, syýahatçylar, alym-ulamalar, etnograflar barada gyzykly we ygtybarly maglumatlara örän baýdyr. Ondaky rowaýatlar, owadan suratlar, aýratyn hem ilkinji gezek köpçülige ýetirilen karta çyzgysy okyjylarda öz taryhyna, mert, edermen, ussat pederlerine bolan buýsanç duýgusyny artdyrýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllygynyň öňüsyrasynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eseriniň ikinji kitabynyň okyjylara gowuşmagy bilen, halkymyzyň eždat-pederlerimiziň taryhda yz goýan ýollaryna, dost-doganlyk gatnaşyklaryna bolan guwanjy has-da artdy.
Öz döwrüniň möhüm ulag-aragatnaşyk ulgamy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň halkymyzyň milli medeniýetiniň we ylym-bilim ulgamynyň ösmeginde hem-de dünýä halklary bilen ysnyşykly dost-doganlyk gatnaşyklary saklamagynda ähmiýeti diýseň uly bolupdyr. Gündogar bilen Günbatary birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň Jeýhun bilen bahry-Hazar aralygynda ýaýylyp ýatan bu gadymy topragyň üstünden geçmegi ýurdumyzyň çäginde ençeme şäherleriň, galalaryň we kerwensaraýlaryň döremegine getiripdir. Ol ýerlerde ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik, söwda alyş-çalşygy bilen bir hatarda ylym-bilim we medeni ojaklar döräp, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşant goşupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda dünýä ylmynyň, taryhynyň we medeniýetiniň gülläp ösmegine saldamly goşant goşan Merw, Nusaý we Köneürgenç öz çawyny jahana ýaýypdyr.
Kitapda Beýik Ýüpek ýolunyň birinji ugrunyň Demirgazygy nazarlap, Týan-Şan daglary tarapdan gaýdyp, Tarim derýasy boýunça Kaşgara, soňra Pamir dagynyň üsti bilen Fergana jülgesine, Samarkant etraplaryna, Amula, ondan soň Amyderýanyň aşak akymy bilen Aral deňzine, Wolganyň aşak akymlarynyň üsti bilen Gara deňziniň demirgazyk etraplaryna hem-de ondan aňyrky sebitlere uzap gidendigi bellenilýär. Ikinji ugur bolsa Günorta tarapa öwrülip, Kunlun dagynyň demirgazyk ýapgydynyň ugry boýunça Hotana, Ýarkende, Baktriýa, Türkmenistanyň çäklerinden geçip, Gekatompile, Ekbatana, soňra bolsa Ahemeniler döwletiniň çäginden geçip, Siriýa döwletine tarap uzapdyr. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly bu kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistandan geçýän ýene bir şahasynyň Demirgazyk Hindistana, başga bir ugrunyň Hazar deňziniň üsti bilen Günbatardaky döwletlere baryp ýetendigi barada gyzykly maglumatlar berilýär.
Kitapda Hytaýdan gaýdýan Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistanyň çäginden geçişi, esasy söwda harytlar, ýol ugrundaky gurlan galalar, kerwensaraýlar, dürli binalardyr ýadygärlikler baradaky rowaýatlardyr taryhy maglumatlar öz beýanyny tapýar. Beýik Ýüpek ýolunyň şöhratly taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Nusaý, Abywert, Sarahs, Haweran, Maşat-Misserian, Dehistan, Merw, Amul, Ürgenç ýaly gadymy şäherlerimiziň atlarynyň gelip çykyşy hakynda, umuman, ýer-ýurt atlary dogrusynda kitapda ylmy maglumatlar getirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda Watanymyzda häzirki wagtda amala aşyrylýan we dünýäniň logistik ulgamynyň sazlaşykly ösüşine täsir edýän häzirki zaman taslamalarynyň gadymy nusgalary hakynda gürrüň berilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanda gadymy Ýüpek ýoly transmilli gaz geçirijiler, döwrebap halkara awtomobil, demir we howa ýollary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Beýik Ýüpek ýoly bilen gabat gelýän bu ugurlar yklymda daşary ykdysady gatnaşyklary berkitmäge, üstaşyr ýük daşalyşyny artdyrmaga, medeni hem syýahatçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge ýardam edýär. Ata Watanymyzy goňşy doganlyk döwletler bilen birleşdirýän Gazagystan – Türkmenistan – Eýran, Tejen – Sarahs – Maşat demir ýollarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, şeýle-de, Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişilmegi milli Liderimiziň gadymy Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi ugrunda umumadamzat bähbidini araýan beýik işleri durmuşa geçirýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Kitap ynsan üçin ýakyn syrdaş, bahasyz baýlyk hem sowatlylygyň çeşmesi hasaplanylýar. Goý, bize şeýle gymmatly ruhy baýlygy peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Mergen AMANOW,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
mugallymy.