Türkmenistanyň taryhynda Beýik Ýüpek ýoly aýratyn orna eýe bolmak bilen, merdana halkymyzyň orta asyrlardaky uzak we şanly taryhyny bezeýär. Hut şu eýýamda söwdanyň we hyzmatdaşlygyň girewi bolan bu ýol Gündogaryň hem-de Günbataryň halklarynyň ykbalynda oňyn hyzmaty bitiripdir. Türkmenistan bu söwda ýolunyň çatrygynda ýerleşmek bilen, halklaryň arasynda, sebitde parahatçylygyň gülläp ösmeginde uly orna eýe bolupdyr.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň baý taryhyna bagyşlanan “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” kitabynda: “Uly şäherlerde çarbagly, serhowuzly, gül-çemenzarlyga beslenen seýilgähli kaşaň myhmanhanalar – kerwensaraýlar bina edilipdir. Amul, Merw, Sarahs, Abywert, Bagabat, Nusaý, Dehistan ýaly şäherlerde kerwensaraýlaryň, ýörite gurlan uly howlularyň yzlary ýüze çykaryldy” diýlip, dostana gatnaşyklarda möhüm rol oýnan kerwensaraýlaryň ähmiýeti barada beýan edilýär. Mähriban Arkadagymyzyň kitabynyň “Jeýhunyň ýakasy”, “Nusaýdan Dehistana çenli”, “Daşoguzyň gadymy topragynda” bölümlerinde beýan edişi ýaly, kerwensaraýlar asyrlaryň dowamynda adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup gelipdir. Türkmen topragyndan geçýän kerwen ýollarynyň bütin ugrunda ençeme kerwensaraýlar gurlupdyr, türkmen iline gadam basan kerwenleriň howpsuzlygy üpjün edilipdir. Kerwensaraýlar gadymy Amuldan başlap, Merwdir Sarahs bilen Änewiň aralygyny, ondan aňryk Nusaýdan Dehistana çenli menzili, şeýle hem, Daşogzuň gadymy topragyny bezäpdir.
Biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan başlan Beýik Ýüpek ýolunyň uzak wagtlap dowam etmeginde kerwensaraýlaryň orny juda uly bolupdyr. Milli Liderimiz: “Kerwensaraýlaryň çeper-bezeg işlerinde haşamly örümler we dürli görnüşdäki owadan ýonulan kerpiçler ulanylypdyr. Esasan hem girelge tarap diwary aýratyn gözel bezelipdir. Baş girelgeleriniň töweregine kerpiç örümleri arkaly ösümlik nagyşlary haşamlanypdyr ýa-da dini ulamalaryň, dört çaryýarlaryň atlary ýazylypdyr. Toplumyň umumy binagärligi, gezekli-gezegine utgaşyp gidýän arkalar, gümmezler, egmekler, minaralar, diňler bilen owadanlanypdyr. …Orta asyrlarda şeýle ajaýyp amatlykly we örän owadan ymaratly kerwensaraýlary guran türkmen binagärleriniň at-abraýy hem daglar aşypdyr” diýip belleýär.
Kerwensaraýlarda täjirlere zerur bolan ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Täjirleriň ýaşamagy, dynç almagy üçin amatly otaglar, ybadat üçin namaz jaýlar, atlary we düýeleri ýerleşdirer ýaly ugurdaş mal ýataklar we beýleki kömekçi binalar gurlupdyr. Olaryň hatarynda gadymy Merwiň çäginde ýerleşen Al-Esger kerwensaraýyny, Sarahs etrabyndaky Najar rabatyny we Şiraz obasynyň kerwensaraýyny, Parawdaky, Zemmiň, Dehistanyň, Yzmykşiriň, Şährislamyň, Nusaýyň, Abywerdiň, Gürgenjiň, Bagabadyň etegindäki kerwensaraýlary görkezmek bolar.
Seljuklar döwründe kerwensaraýlaryň kämil görnüşleri peýda bolupdyr. Mysal üçin, Samanylar zamanasynda, ýagny IX asyrda Tahyryýa rabatynyň ýerinde – Daýahatynda bişen kerpiçden mähnet kerwensaraý gurlupdyr. Kerwensaraýlaryň suw bilen üpjünçiligi hem esasy meseleleriň biri bolupdyr. Şonuň üçin hem kerwensaraýlar guýularyň ýa-da kärizleriň ýanynda gurlupdyr. Sebäbi her günde ýüzlerçe düýelerden ybarat bolan kerwenleri kabul edip, täjirleri we olaryň atdyr düýelerini suw bilen üpjün etmek üçin köp mukdarda suw gerek bolupdyr.
Milli Liderimiziň kitabynda Abywert bilen Nusaýyň aralygynda bol suwly kerwensaraýlaryň birnäçesiniň bolandygy bellenip geçilýär.
Gadymy döwürde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen kerwensaraýlara täjirleriň uzak ilden getiren edebi-taryhy çeşmeleri, dünýä ylmyndan söhbet açýan dürli nusgalary ylma-döredijilige ykbalyny baglan adamlaryň hemişe islegli harydyna öwrülipdir. Munuň özi olara dünýä halklarynyň taryhy geçmişi, ylmy-bilimi, milli ýörelgeleri bilen tanyşmaga ýardam edipdir. Biz türkmen edebiýatynyň sahypalarynda Çynma-çyn, Hindistan, Bulgar, Pereňistan, Rumystan, Hebeşistan ýaly döwletleriň atlaryna ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Bu atlaryň edebi we taryhy çeşmelerde peýda bolmagy hem şol medeni gatnaşyklaryň netijesidir.
Taryhda Beýik Ýüpek ýoly arkaly alnyp barlan köp ugurly gatnaşyklar bu gün hormatly Prezidentimiziň dost-doganlyk syýasatynyň netijesinde täze mazmuna eýe bolup, halkara derejesinde Türkmenistan Watanymyzyň at-abraýyny has-da berkidýär. Soňky ýyllarda dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklarda medeni ulgamdaky çärelerde hem aýdyň ýüze çykýar.
Selbinýaz GARAGÖZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
mugallymy.