Türkiýäniň milli poçta gullugy (Ptt) ýurtlaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, Türkiýe Respublikasy-Türkmenistan bilelikdäki posta markasyny we ýörite bukjasyny satuwa çykardy. Bu önüm kolleksiýaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Poçta markasynda iki ýurduň umumy gymmatlyklary şekillendirilipdir. 60×85 mm ölçegindäki kolleksiýa 50 türk lirasyndan satylýar. Şeýle-de onuň üstüni ýetirýän bukja hem 100 liradan satuwa alyjylara ýetirildi. Poçta gullugy tarapyndan bu önümi www.filateli.gov.tr web saýtyndan alyp boljakdygy bellenildi.
PDF








