ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Gardner şäherinde ýaşaýan Normand Tusinýan 92 ýaşap, 24 gün geçenden soň ilkinji gezek baba boldy. Onuň bu rekordy awgust aýynda resmi taýdan hasaba alnyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda dünýä inen ýeke-täk agtygy Medison rekord eýesine täzeden ýaşaýyş berdi diýip, gyzy Kerri uly buýsanç bilen belleýär. Normand 17 çagaly maşgalada önüp-ösen hem bolsa, doganlary aradan çykandan soňra, ene-atasynyň aýatda gezip ýören ýeke-täk perzendi bolup galdy. Onuň 56 sany ýegeni we ýegençileri bar. Rekord eýesi ýaşan döwründe zähmet ýolunyň köp bölegini kliniki-psiholog bolup işledi. Mundan başga-da ol ýaşynyň uludygyna garamazdan, kitap okamagy, konsertlere we muzeý sergilerine gatnaşmagy, şeýle hem tapmaça çözmegi gowy görýär. Onuň üçin maşgala durmuşy has-da gymmatly bolupdyr. Ol köp ýyllap “The Washington Post” gazetinde habarçy we redaktor bolup işlän Meri Luiza bilen 1985-nji ýylda durmuş gurýar. 5 ýyl geçenden soňra, Normand 60, aýaly bolsa 40 ýaşynda wagty gyzy Kerri dünýä inýär. Häzirki wagtda Normand aýaly bilen Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlott şäherinde ýaşaýarlar. Olar Wirjiniýa ştatyndan şol ýere ýakyn garyndaşlaryna has golaý bolmak üçin göçüp barypdyrlar. Rekord eýesi pensiýa çykandan soň gyzynyň terbiýesi bilen özi meşgullanypdyr. – Kakam meni öýde terbiýeläp, ýarmarkalara we dürli baýramçylyk şüweleňlerine, şeýle hem birnäçe bäsleşiklere alyp gidýärdi diýip, gyzy Kerri uly buýsanç bilen gürrüň berýär. Mundan öňki rekord 91 ýaş 209 günlük wagtynda ata bolan awstraliýaly Çarlz Smite degişlidir.
Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi
PDF








