Kanadanyň Premýer-ministri Mark Karni 30-njy oktýabrda Monrealda geçirilen bilelikdäki sammitden soň guralan metbugat maslahatynda çykyş etdi. Ol ýurdunyň 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli Ýewropa Bileleşiginiň taryhynda ilkinji “assosirlenen agza” bolmagy maksat edinýändigini we degişli gepleşikleri şol möhlete çenli jemlemegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Şol sebäpli bu teklibiň tejribe ýüzünde nähili netijeleri berjekdigi we nähili çäklerde amala aşyryljakdygy barada taraplaryň arasynda gepleşikler dowam edýär. Sammitiň dowamynda Ýewropa komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen bu hyzmatdaşlygyň, ilkinji nobatda, Kanada üçin «Horizon» we «Erasmus» maksatnamalaryna doly goşulmaga mümkinçilik berjekdigini nygtady.
Mundan başga-da, duşuşykda sanly söwda, energetika, möhüm çig mal serişdeleri, superkompýuterler, emeli aň we hemra tehnologiýalary ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy. Bellenilişi ýaly, Ýewropa komissiýasy bilen Kanadanyň Hökümeti geljek ýylyň baharynda bilelikdäki mejlis geçirip, teklibiň jikme-jikliklerini işläp taýýarlarlar. Şondan soň Mark Karniniň iýun aýynda geçiriljek ÝB-niň Liderleriniň sammitine gatnaşyp, gepleşikleri jemlemegine garaşylýar.
Ozal Ýewropa komissiýasynyň Başlygy tarapyndan öňe sürlen bu başlangyç ÝB-e agza ýurtlaryň arasynda, aýratyn hem, Germaniýa tarapyndan käbir meseleler boýunça goşmaça düzedişleriň girizilmegi teklip edildi. Şol sebäpli sammitiň jemleýji resminamasynda «assosirlenen agza» diýen düşünjäniň deregine «has-da ýakyn assosiasia» diýen adalga ulanyldy. Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antoniu Koşta hem bu formulirowkany goldap, taraplaryň adaty assosiasiýadan hem aňry geçip, taryhda iň ýakyn we özboluşly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýandygyny belledi.
PDF








