31-nji okt­ýabr­da ge­çi­ri­len san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň «2028-nji ýyl — Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da aýt­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we oňa ag­za döw­let­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek, hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny hem-de ýö­rel­ge­le­ri­ni ber­kit­mek hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu ba­bat­da Türk­me­nis­tan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne esas­la­nyp, hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, döw­let­le­riň ara­syn­da yna­nyş­ma­gy ös­dür­mek, ýü­ze çyk­ýan me­se­le­le­ri sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik we pa­ra­hat­çy­lyk­ly ýol­lar ar­ka­ly çöz­mek bo­ýun­ça mö­hüm baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Şol baş­lan­gyç­la­ryň ha­ta­ryn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň 2028-nji ýy­ly «Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2026-njy ýy­lyň 24-nji iýu­lyn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «2028-nji ýyl — Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň hal­ka­ra hu­ku­gyň äh­mi­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň mö­hüm ne­ti­je­si­dir.
Bu Ka­rar­na­ma­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mek, şeý­le hem 2026-njy ýyl üçin ka­bul edi­len çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň do­wam­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da «2028-nji ýyl­da Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly­ny ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gör­mek we ony ge­çir­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň 2027-2028-nji ýyl­lar üçin He­re­ket­le­riň mil­li me­ýil­na­ma­sy­nyň» tas­la­ma­sy bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­syn­da öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry­nyň dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýer, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­ne ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len ka­bul edi­len «2028-nji ýyl — Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.