l­kin­ji Dün­ýä çem­pio­na­ty 1891-nji ýy­lyň 28-nji mar­tyn­da, ýag­ny 1 gün­de ge­çi­ril­ýär. Oňa 6 ýurt­dan 7 tür­gen gat­naş­ýar. Şol dö­wür­ler bel­li bir ag­ram­lyk bol­man, iň ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zen tür­gen bri­ta­ni­ýa­ly Ed­ward Law­rens Le­wi bol­ýar. Onuň nä­çe­räk gö­te­ren­di­gi ba­ra­da ta­ry­hy çeş­me­ler­de duş ge­lin­me­se-de, ol agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça ge­çi­ri­len çem­pio­na­tyň il­kin­ji çem­pio­ny di­ýen ady eýe­le­ýär. Soň­lu­gy bi­len, žur­na­list bo­lup iş­län Law­rens Le­wi 1891–94-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da 14 ge­zek re­kord goý­ýar. Bir gün­de ta­mam­la­nan il­kin­ji çem­pio­nat­da 2-nji ýe­ri ita­li­ýa­ly Jia­ko­mo Za­fa­ra­na, 3-nji or­ny-da bel­gi­ýa­ly Ar­tur Fran­sua eýe­le­ýär. 2-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty üçin 7 ýyl ga­ra­şy­lyp, ol 1898-nji ýy­lyň 31-nji iýu­ly – 1-nji aw­gus­ty aralygynda Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty We­na şä­he­rin­de ge­çi­ril­ýär. Oňa 3 ýurt­dan 11 tür­gen gat­naş­ýar. 1–2-nji ýer­le­ri awst­ri­ýa­ly­lar de­giş­li­lik­de, Wil­helm Türk bi­len Eduard Bin­der eýe­le­ýär. 3-nji or­na-da Rus Im­pe­ri­ýa­sy­nyň kö­pu­gur­ly tür­ge­ni Georg Ha­kenş­midt my­na­syp bol­ýar. 3-nji çem­pio­nat 1899-njy ýyl­da Ita­li­ýa­nyň Mi­lan şä­he­rin­de ge­çi­ri­lip, 4-5-nji ap­rel­dä­ki bu ýa­ryş­da 3 ýurt­dan 5 tür­gen çy­kyş ed­ýär. 1–2–3-nji ýer­le­ri Ser­geý Ýe­li­se­ýew (Rus­si­ýa Im­pe­ri­ýa­sy), Ýo­han­nes Rödl (Ger­ma­ni­ýa) hem-de En­ri­ko Sku­ri (Ita­li­ýa) da­gy­lar paý­laş­ýar. 4-nji çem­pio­nat 4 ýyl­dan soň, Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty Pa­riž­de ge­çi­ril­ýär. 5 ýurt­dan 18 tür­ge­niň gat­na­şan ýa­ry­şyn­da şweý­sa­ri­ýa­ly Fran­sua Lan­ku ýe­ňi­ji bol­ýar. 1904-nji ýyl­da Awst­ri­ýa­nyň paý­tag­ty We­na­da ge­çi­ri­lip, 1 gün­de (18-nji ap­rel­de) ta­mam­la­nan ýa­ryş­da 4 ýurt­dan 13 ştan­ga­çy çy­kyş ed­ýär. Baý­rak­ly orun­la­ryň äh­li­si­ni-de awst­ri­ýa­ly tür­gen­ler ga­za­nyp, 1-nji or­ny Ýo­sef Stein­bah eýe­le­ýär. Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty 1905-nji ýyl­da 3 ge­zek ge­çi­ril­ýär. Ýag­ny 6–7–8-nji Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry de­giş­li­lik­de, Ger­ma­ni­ýa­nyň Ber­lin (8–10-njy ap­rel) we Du­is­burg (11–13-nji iýun) hem-de Fran­si­ýa­nyň Pa­riž (16–30-njy de­kabr) şä­her­le­rin­de gu­ral­ýar. 6-njy çem­pio­nat­dan soň, tür­gen­ler öz ag­ram de­re­je­le­rin­de çy­kyş edip baş­la­ýar­lar. Ber­lin­dä­ki çem­pio­na­ta 4 ýurt­dan 41, Du­is­burg­da­ky ýa­ry­şa-da 2 ýurt­dan 7 tür­gen gat­naş­ýar. Ola­ryň iki­sin­de-de 80 ki­log­ram­dan ýo­ka­ry ag­ram de­re­je­sin­dä­ki al­tyn me­dal­la­ry awst­ri­ýa­ly Ýo­sef Stein­bah boý­nu­na da­kyp, bas­syr 3 ge­zek Dün­ýä­niň çem­pio­ny bo­lan il­kin­ji ştan­ga­çy ady­ny al­ýar. 1905-nji ýy­lyň ahyr­la­ryn­da ge­çi­ri­len 8-nji çem­pio­nat­da di­ňe fran­suz agyr at­le­ti­ka­çy­lar çy­kyş ed­ýär. 1905-nji ýyl­da Hal­ka­ra agyr at­le­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň dö­re­dil­me­gin­den soň, Dün­ýä çem­pio­nat­la­ry­na gat­naş­ýan tür­gen­le­riň sa­ny ar­typ baş­la­ýar. 1906-njy ýyl­da Lill­ede (Fran­si­ýa), 1907-nji ýyl­da Frank­furt­da (Ger­ma­ni­ýa), 1908-nji we 1909-njy ýyl­lar­da We­na­da gu­ral­ýar. 1910-njy ýyl­da 2 çem­pio­nat gu­ra­lyp, ola­ryň 1-nji­si Düs­sel­dorf, 2-nji­si ýe­ne-de We­na­da ge­çi­ril­ýär. 1911-nji ýyl­da 4 çem­pio­nat ge­çi­ri­lip, 3-si­ni Ger­ma­ni­ýa­nyň şä­her­le­ri (Ştut­gart, Ber­lin, Drez­den), beý­le­ki­si­ni-de We­na özün­de ka­bul ed­ýär. Şol çem­pio­nat­la­ryň 5-sin­de 80 kg ag­ram­dan ýo­ka­ry de­re­je­de çy­kyş eden Ýo­sef Grafl al­tyn me­dal ga­zan­ýar. Ol yz­ly-yzy­na 5 ge­zek Dün­ýä çem­pi­on­ly­gy­ny ga­za­nan il­kin­ji ştan­ga­çy bol­ýar. 17-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty hä­zir­ki Wros­law­da (şol wagt­lar Bres­law bo­lup, Ger­ma­ni­ýa­nyň dü­zü­min­de­di) ge­çi­ri­lip, oňa 4 ýurt­dan 40 adam gat­naş­ýar. Al­tyn me­dal­la­ryň 3-si­ni awst­ri­ýa­ly tür­gen­ler ga­zan­ýar. Ýo­sef Grafl 3 ýa­ryş­dan soň, ýe­ne-de al­tyn me­dal ga­za­nyp, ola­ryň sa­ny­ny 6-a çy­kar­ýar. Mun­dan soň, çem­pio­nat bi­rin­ji Ja­han ur­şy se­bäp­li 7 ýyl­lap ge­çi­ril­me­ýär.
7 ýyl­lyk ara­kes­me­den soň, no­bat­da­ky çem­pio­na­ty ýe­ne-de We­na şä­he­ri ka­bul ed­ýär. Öň­kü­ler­den üýt­ge­şik­lik­de ag­ram de­re­je­le­ri­niň sa­ny­na ýe­ne bi­ri go­şu­lyp, 5-e ýe­ti­ril­ýär. 74 tür­ge­niň gat­na­şan çem­pio­na­tyn­da ne­mes­ler 4 al­tyn me­dal ga­zan­ýar. 1922-nji ýyl­da Tal­lin­de, 1923-nji ýyl­da-da ýe­ne We­na­da ge­çi­ri­len çem­pio­nat­lar­da ýer eýe­le­ri, de­giş­li­lik­de es­to­ni­ýa­ly we awst­ri­ýa­ly tür­gen­ler me­dal­lar top­lu­my­nyň 11-si­ni al­ýar­lar. Ýew­ro­pa­da­ky ma­li­ýe ýet­mez­çi­li­gi se­bäp­li çem­pio­nat 1937-nji ýy­la çen­li ge­çi­ril­me­ýär. 14 ýyl­dan soň, 1937-nji we 1938-nji ýyl­lar­da il­ki Pa­riž­de, soň­ra We­na­da ge­çi­ril­ýär we gat­naş­ýan ýurt­la­ryň sa­ny 10-dan ge­çip baş­la­ýar. Çem­pio­na­ta ýe­ne-de ara­kes­me ber­lip, ol ikin­ji Ja­han ur­şy ze­rar­ly 12 ýyl­lap gu­ral­ma­ýar.
1946-njy ýyl­da 25-nji çem­pio­nat Pa­riž­de ge­çir­lip, 13 ýurt­dan 79 tür­gen çy­kyş ed­ýär. Bir ýyl so­ňam çem­pio­nat il­kin­ji ýo­la Ýew­ro­pa yk­ly­myn­dan da­şa­ry­da, ABŞ-nyň Fi­la­del­fi­ýa şä­he­rin­de gu­ral­ýar. 6 ugur­dan al­tyn me­dal­la­ryň äh­li­si­ni-de ame­ri­ka­ly ştan­ga­çy­lar ga­zan­ýar. Çem­pio­nat 1949-njy ýyl­da Gol­lan­di­ýa­nyň Şe­we­nin­gen, 1950-nji ýyl­da Fran­si­ýa­nyň Pa­riž, 1951-nji ýyl­da Ita­li­ýa­nyň Mi­lan, 1953-nji ýyl­da Şwe­si­ýa­nyň Stok­golm şä­her­le­rin­de gu­ral­ýar. Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň 31-nji­si We­na­da ge­çi­rilip, oňa 23 döw­let­den 100 tür­gen gat­naş­ýar. Şeý­le­lik­de, il­kin­ji ge­zek tür­gen­le­riň sa­ny 100-den köp bol­ýar. 1955-nji ýyl­da Mün­hen­de ge­çen çem­pio­nat­dan soň, ýa­ryş 1957-nji ýyl­da Eý­ra­nyň paý­tag­ty Täh­ran­da ge­çi­ril­ýär. Bu bol­sa, çem­pio­na­tyň 3-nji bir yk­lym­da ge­çi­ril­ýän­di­gi­dir. Ag­la­ba güýz aý­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän çem­pio­na­tyň ýe­ne bir aý­ra­tyn­ly­gy Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň bo­lan ýyl­la­ryn­da Dün­ýä bi­rin­ji­li­gi­niň ge­çi­ril­me­ýän­li­gi­dir.
(Dowamy bar)
Hajymyrat Söýünow,
sport žurnalisti.