Agyr atletika boýunça Dünýä çempionatlary 1958–1963-nji ýyllar aralygynda degişlilikde, Stokgolm, Warşawa, Wena, Budapeşt we ýene-de Stokgolm şäherlerinde guralýar. Ozalam belleýşimiz ýaly, 1964-nji ýyla çenli Olimpiýa oýunlarynyň geçirilen ýyllarynda Dünýä çempionaty geçirilmeýär. Ýöne 1964-nji ýyldan 1984-nji ýyla çenli aralykda-da Olimpiadanyň düzümindäki ýaryşlar Dünýä çempionaty hökmünde-de hasaba alynmaýar. 1958–1963-nji ýyllar aralygynda SSSR-li Wladimir Sogow 56 kg agramda 5 gezek Dünýäniň çempionlygyny gazanýar. Amerikaly Tommo Kono-da 3 çempionlyk gazanyp, olaryň sanyny 6-a ýetirýär. Şeýle-de 90 kg agramda çykyş edýän SSSR-iň başga bir türgeni Arkadiý Worobýow hem 5-nji çempionlyk medalyny boýnuna dakýar. 40-njy çempionat 1965-nji ýylda Tähranda geçirilýär. 1966-njy ýylda Berlin, 1968-nji ýylda Mehiko Siti (Olimpiada), 1969-njy ýylda Warşawa, 1970-nji ýylda ABŞ-nyň Kolumbus, 1971-nji ýylda Lima (Peru) şäherleri çempionaty guraýar. Bu çempionatlarda SSSR-li Wiktor Kurensow yzly-yzyna 5 altyn medal gazanýar. Edil şonuň ýaly-da, ýaponiýaly Ýoşinobu Miýake hem bassyr 5 altyn medal alyp, çempionatyň taryhyndaky iň köp medally türgenleriň hataryna goşulýar. 1972-nji ýylda Münih Olimpiadasyndan soňky çempionat Kubanyň paýtagty Gawanada, soňra Filippinleriň merkezi Manilada, 1975-nji ýylda Moskwada geçirilýär. 1976-njy ýylda-da Kanadanyň Monreal şäherinde geçirilen Olimpiada 46 ýurtdan, 173 ştangaçy gatnaşýar. Şol ýaryşlarda SSSR-li Dawid Rigert 4, eýranly Mohammad Nassiri 2, bolgariýaly Atanas Kirow 3, SSSR-li Petro Korol 3 altyn medal gazanýar. 1977-nji ýylda Ştutgartdaky ýaryşda 110 kg agramdan ýokary derejede çykyş edip gelýän Wasiliý Alekseýew bassyr 8-nji altyn medalyny gazanýar. Ol agyr atletikanyň iň köp altyn medal gazanan türgenidir. Çempionat 1978-nji ýylda Gettisburg şäherinde (ABŞ), 1979-njy ýylda Salonikide (Gresiýa), 1980-nji ýylda Moskwada (Olimpiada), 1981-nji ýylda Lillede (Fransiýa), 1982-nji ýylda Lýublyýanada (şol wagtky Ýugoslawiýa), 1983-nji ýylda ýene-de Moskwada, 1984-nji ýylda-da Los Anjelesde, 1985-nji ýylda Sýodertelýe şäherinde (Şwesiýa), 1986-njy ýylda Sofiýada, 1987-nji ýylda-da Ostrawada (Çehiýa) geçirilýär. Bu ýaryşlarda SSSR-iň belli ştangaçysy Ýurik Wardanýan 5-si yzly-yzyna, jemi 7 altyn medalyň eýesi bolýar.
Dünýä çempionatynyň 62-njisi 1989-njy ýylda Gresiýanyň paýtagty Afinyda, 63-njisi bolsa, 1990-njy ýylda Budapeştde geçirilýär. Bu iki çempionatyň-da ildeşlerimiz üçin aýratyn ähmiýeti bar. Sebäbi türkmen sportunyň taryhyna uly yz galdyran ägirt ýigit, agyr atletikaçy Altymyrat Orazdurdyýew ilki 75, soňra-da 82,5 kg agram derejelerinde altyn medallara mynasyp bolýar. Ol 75 kg agramda birbada götermekde 160 kg agramy göterip, hytaýly Kai Ýanşu bilen deň netije görkezýär. Ýöne itekläp götermekde 202,5, umumylykda-da 362,5 kg agram bilen altyn medala mynasyp bolýar. Budapeştdäki çempionatda-da 82,5 kg agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz birbada götermekde 172,5 kg 1-nji, itekläp götermekde-de SSSR-li başga bir ştangaçy Sergeý Liden 2,5 kg az (205 kg) göterip, 2-nji ýeri eýeleýär. Ýöne umumylykda 377,5 kg agram bilen altyn medaly Altymyrat Orazdurdyýew gazanýar. 1985-1990-njy ýyllar aralygynda SSSR-li Anatoliý Hrapati hem 5, bolgariýaly Iwan Iwanow 4 altyn medala mynasyp bolýar.
1987–1990-njy ýyllar aralygynda diňe zenanlaryň arasynda aýratynlykda Daýtona Biç, Jakarta, Mançester hem-de Saraýewo şäherlerinde jemi 4 çempionat geçirilýär. Soňra 1991-nji ýyldan başlap, 2 çempionat hem birleşdirilýär. 1991-nji ýylda zenanlaryň hem erkekleriň bilelikde çykyş eden ilkinji, umumylykda-da 64-nji Dünýä çempionaty Germaniýanyň Donaueşingen şäherinde geçirilýär. Zenanlaryň arasyndaky 8 altyn medalyň 7-sini hytaýlylar gazanýar. 65-nji Dünýä çempionaty Awstraliýanyň Melburn şäherinde geçirilýär. Bu ýaryşyň-da Türkmenistan döwletimiz üçin özboluşly orny bolup, Altymyrat Orazdurdyýew ýaşyl Tugumyzy belende galdyrýar. Ol ýaşyl Tugumyzyň astynda ilkinji altyn medalyny gazanýar. 76 kg agramda birbada götermekde 167,5 kg göterip, 3-nji orna çykan sport ussadymyz itekläp götermekde 202,5 kg agram derejesi bilen dünýä rekordyny goýýar. Ol umumylykda 370 kg agram göterip, Dünýä çempionlygynyň üstüni rekord bilen ýetirýär. Bu ýeňiş Altymyrat Orazdurdyýewiň 3-nji Dünýä çempionlygydyr. 1994-nji ýylda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen ýaryşda ýerli ştangaçy Naim Süleýmanogly özüniň 6-njy altyn medalyny gazanýar. 1995-nji ýyldaky ýaryşy guran şäher Hytaýyň Guançžou şäheri bolýar. Naim Süleýmanogly bu ýerde-de altyn medal gazanyp, olaryň sanyny 7-ä ýetirýär. Zenanlaryň arasynda ýene bir ýola hytaýlylara taý tapylmaýar (5 altyn medal). Çempionat 1997-nji ýylda Tailandyň Çiangmaý, 1998-nji ýylda Finlýandiýanyň Lahti, 1999-njy ýylda Gresiýanyň paýtagty Afiny, 2001-nji ýylda Türkiýäniň Antalýa, 2002-nji ýylda Polşanyň paýtagty Warşawa, 2003-nji ýylda Kanadanyň Wankuwer, 2005-nji ýylda Kataryň paýtagty Doha, 2006-njy ýylda Dominikan Respublikasynyň paýtagty Santo Domingo, 2007-nji ýylda ýene-de Tailandyň Çiangmaý, 2009-njy ýylda Günorta Koreýanyň Koýan şäherlerinde guralýar. Ady agzalan bu ýaryşlarda russiýaly Andreý Çemerikin 4, eýranly Hossein Rezazadeh 4, türkiýeli Halil Mutlu 4, hytaýly Çzen Guožen 3 altyn medal gazanýar. Zenanlardan hem hytaýly Tang Weifang bilen Wan Minžuan hem-de Hytaý taýpeýli Çen Jui-Lien dürli agramlarda 3 altyn medala eýe bolýarlar.
2010-njy ýyldaky çempionaty Antalýa şäheri guraýar. Oňa 500-den gowrak türgen gatnaşýar. 2011-nji ýyldaky çempionatyň salgysy Pariž şäheri bolýar. 70-den gowrak döwletden 519 türgen çykyş edýär. Dürli agramlarda münberiň çür depesine gazagystanly Ilýa Ilin, russiýaly Hadžmurat Akkaýew, eýranly Behdad Salimi, hytaýly Lu Şiaožun, Çžen Žie dagy çykýar. Zenanlardanam russiýaly ştangaçylar Nadežda Ýewstýuhina, Oksana Sliwenko dagy tapawutlanýar. 80-nji Dünýä çempionaty 2013-nji ýylda Warşawada geçirilýär. Çempionatyň ýubileý sanynda Hytaýdyr Russiýanyň agyr atletikaçylary 6 altyn medal alyp, 1–2-nji orunlary paýlaşýarlar. Dünýä birinjiligi mundan 4 ýyl ozal, has takygy, 2014-nji ýylda Gazagystanyň öňki paýtagty Almaty şäherinde guralýar. 60-dan gowrak döwletden 585 türgeniň gatnaşan çempionatynda 5 hytaýly, russiýaly, gazagystanly we koreýaly (Demirgazyk) ştangaçylary 3 altyn medala eýelik edýär. Altyn medal alanlaryň biri-de gazagystanly Ilýa Ilin bolup, 4-nji sapar münberiň çür depesine çykmagy başarýar. 82-nji we 83-nji çempionatlar ABŞ-nyň Hýuston hem-de Anahaým şäherlerinde geçirilýär. 2015-nji ýyldaky çempionatda 80-e golaý ýurtdan 585 türgen çykyş edip, medallaryň sanawynda hytaýly ştangaçylar öňe saýlanýar. Olar 6 altyn we 4 kümüş, jemi 10 medal gazanýar. 1 ýyl ozal Anahaýmda geçirilen ýaryşda türkmen ştangaçylary-da diýseň üstünlikli çykyş etdiler. Ildeşlerimizden Rejepbaý Rejepow 77 kg agramda çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy. Zenanlaryň arasynda-da türkmenistanly Kristina Şermetowa tailandly Sopita Tanasandan soň, 2-nji ýeri eýeleýär. Bu çempionatdan sähel wagt öň, “Aşgabat 2017”-de Dünýä rekordyny goýan eýranly Sohrab Moradi Anahaýmda şol rekordlaryny täzelemegi başarýar. Iň ýokary agramda-da gruziýaly Laşa Talakhadze 477 kg agram bilen dünýä rekordynyň täze eýesi bolýar. Şeýle-de, bu çempionatyň dowamynda nobatdaky bäsleşigiň, has takygy, agyr atletika boýunça 84-nji Dünýä çempionatynyň 2018-nji ýylda Aşgabatda geçiriljekdigi barada karar kabul edilýär.
Hajymyrat Söýünow, sport žurnalisti.