1969-njy ýylyň 16-njy iýunynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dünýä inen türkmen ýigidi Altymyrat Orazdurdyýew Dünýä çempionatlarynda ilkinji ýeňşini 1989-njy ýylda Afinyda gazanýar. Ol 1990-njy ýylda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçirilen 63-nji Dünýä çempionatynda-da 82,5 kg agram derejesinde ýeňiş gazanyp, 2-nji altyn medalyny boýnuna dakýar. 1993-nji ýylda Awstraliýanyň Melburn şäherinde geçirilen Dünýä birinjiliginde-de Altymyrat özüniň taýsyzdygyny görkezýär. Ol bu çempionatda 76 kg agramda 2 Dünýä rekordyny goýup, 3-nji gezek altyn medala mynasyp bolýar. Özüniň gysga we manyly ömrüne 3 Ýewropa çempionlygyny-da (Afiny – 1989, Olborg – 1990, Wladyslawowo – 1991) sygdyran türkmeniň söwer ogly Altymyrat Orazdurdyýew 1994-nji ýylda Hiroşimada geçirilen Aziýa oýunlarynda-da münberiň çür depesine çykýar.
Dünýä çempionatlarynyň iň köp medally türgeni polşaly Waldemar Başanowskidir. 1935-2011-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen sport ussady 1964-nji we 1968-nji ýyllarda Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi bolýar. Ol Dünýä çempionatlarynda altyndyr kümüş medallaryň hersinden 5-sini gazanýar. Jemi 10 medal gazanmagy başaran ýeke-täk ştangaçydyr. 1999-njy ýylda Ýewropa agyr atletika federasiýasynyň-da başlygy bolan Başanowski HAAF-yň şöhratlylar zalyna-da adyny ýazdyrýar.
Ilki Bolgariýanyň, soňam Türkiýäniň adyndan çykyş eden Naim Süleýmanogly-da agyr atletikanyň ägirtlerinden hasaplanýar. Kiçijik Gerkules lakamy bilen tanalýan Süleýmanogly 1967-2017-nji ýyllar aralygynda ýaşaýar. Birnäçe dünýä rekordynyň eýesi Süleýmanogly 3 gezek Olimpiýa oýunlarynda (1988, 1992, 1996) çempion bolýar. Dünýä çempionatlarynda-da 7 altyn, 1 kümüş medal gazanan Süleýmanogly Ýewropanyň-da 2 sapar çempionlygyny eýeleýär.
Agyr atletika boýunça geçirilen Dünýä çempionatlarynda iň köp medal gazanan türgen Wasiliý Alekseýew 1942-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Russiýanyň Rýazan oblastynda dünýä inýär. 1,88 metr boýy, 162 kg agramy bolan türgen 8 gezek Dünýäniň çempionlygyny gazanýar. 1972-nji we 1976-njy ýyllarda-da Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazanan Alekseýew 1970-1977-nji ýyllar aralygynda 8 altyn medala eýelik edýär. Şonça-da Ýewropa çempionlygy bolan türgen SSSR-de telim gezek çempion diýen ada eýe bolýar. Ol 2011-nji ýylyň 25-nji noýabrynda aradan çykýar.
HAAF-yň şöhratlylar zalyna adyny ýazdyrmagy başaran türgenleriň ýene biri-de ýaponiýaly Ýoşinobu Miýakedir. 1939-njy ýylda dünýä inen Miýake Olimpiýa oýunlarynda 2 altyn, 1 kümüş medal gazanýar. Ol Dünýä çempionatlarynda-da 1962–1968-nji ýyllarda 6 altyn medala mynasyp bolýar. 1961-nji ýylda bürünç medal hem alan Miýake 1966-njy ýylda Aziýa oýunlarynda-da münberiň iň ýokary basgançagyna çykmagy başarýar.
Awstriýaly Ýosef Grafl agyr atletikanyň irki ýyllarynda taryhy başarnyk görkezýär. 1872-1915-nji ýyllarda ýaşap geçen rowaýaty türgen yzly-yzyna 5 gezek çempion bolan ilkinji ştangaçydyr. 1904-nji ýylda kümüş medal gazansa-da, 1908-1911-nji ýyllar aralygynda 5 altyn medal alýar. Ol 1911-nji we 1913-nji ýyllarda-da kümüş we altyn medallaryň ýene birini boýnuna dakýar.