Önümçiligi robotlaşdyrmak megerem, Hytaý Halk Respublikasyny ýokary tehnologiýaly innowasiýa merkezine öwürse gerek. Häzir Hytaýda önümçiligi awtomatlaşdyrmak islendik ýurt bilen deňeşdireniňde, doly güýjünde öňe gidýär. Bu barada “Bloomberg Intelligence” agentliginiň maglumatlarynda bellenip geçilýär.
Halkara robot tehnikasy federasiýasynyň (International Federation of Robotics, IFR) maglumatlaryna görä, Hytaý Halk Respublikasynyň önümçiliginde robot tehnikalarynyň ornaşdyrylyşynyň derejesi 90 müňden geçipdir. Bu iň ýokary görkeziji bolup, dünýä derejesindäki möçberiň üçden bir bölegine deňdir. Bilermenler HHR-iň önümçiligine robotlaryň ornaşdyrylyşynyň has-da artjakdygyny aýdýarlar. Ornaşdyrylan umumy senagat robotlarynyň köpüsi hytaý kompaniýalary tarapyndan öndürilýär.
Awtomatlaşdyryş usuly önümçiligi artdyrmaga we bäsleşige ukyplylygy ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Robotlar – HHR-iň “Made in China 2025” döwlet meýilnamasynyň özeni bolup, zawoddyr fabrikleri modernizirlemegi göz öňünde tutýar. Şu günki günde Hytaýda 800-den gowrak robot tehnikaly kärhana işleýär. Ýurtda emeli aň pudagynyň ösüşi robot tehnikasynyň kämilleşmeginde has uly mümkinçilikleri döredýär. Ýurduň hökümeti bulardan başga-da hytaý kompaniýalarynyň öňünde uly maglumatlary saklaýan ulgamlary, “bulut” hasaplamalary, internet närseleri ýaly tehnologiýalary ornaşdyrylyşynyň depginini tizleşdirmegi baş wezipe edip goýýar.
Senagat robotlary boýunça Hytaý bazary dünýäniň iň iri bazary bolup durýar. HHR-iň Senagat we maglumat tehnologiýasy ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurtda robotlaryň ýyllyk önümçiligi barha artýar. Hytaýda 2020-nji ýyla çenli robotlaryň ýyllyk önümçiligini has-da artdyrmak meýilleşdirilýär. Bilermenleriň aýtmagyna görä, 2020-nji ýyla çenli ýurtda dünýäniň robotlaşdyrylan önümçiliginiň 60%-den gowragy jemlener. Mysal üçin, dünýäniň iň iri elektron öndürijisi “Foxconn Technology Group” taýwan kompaniýasy HHR-de ýylda 10 müň robot öndürmegi we Hytaýdaky fabrikleriniň 30%-ni robotlaşdyrmagy meýilleşdirýär.
IFR-niň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýyla çenli Hytaýda her 10 müň senagat işçisine derek ortaça 150 robot işläp, munuň özi geçen ýyllara garanyňda iki esse köp bolar. Bu görkeziji bolsa ABŞ, Koreýa, Ýaponiýa, Germaniýa ýaly ýurtlaryňkydan örän ýokarydyr. Bilermenler Hytaýyň zawoddyr fabrikleriniň doly robotlaşdyrylmagynyň dünýä önümçiligini has-da özgertjekdigini öňe sürýärler.