Köp gatly höwürtgeler: guşlar duşmanlaryndan, ýagyndan, sowukdan goranmak üçin ygtybarly ýerlerde höwürtge ýasanýarlar. Günorta Afrikada ýaşaýan “Philetairus socius” atly dokmaçy guşlar köp gatly täsin höwürtgeleri ýasaýar. Olaryň guran bir höwürtgesinde ýüzden gowrak maşgala ýaşaýar. Beýikligi 7,5 metre, ini 3,5 metre barabar bolan höwürtgäni inçejik çöplerden örüp, ýokarsyny has iri çybyklar bilen basyrýarlar. Olaryň girelgeleri aşakda we gapdalda bolup, oňa duşmanlary girip bilmeýär. Bu höwürtgeleriň bir asyrdan bäri “ýaşalyp” oturylanlary hem bar.
Bent: gunduzlar inženerçilik we binagärlik babatda haýwanat dünýäsiniň iň “ussat” jandarlarydyr. Köp wagtyny suwda geçirýän gunduzlar agaç bölejiklerinden we daşlardan kiçeňräk akar suwuň ugrunda bent gurýarlar. Ilki ýogyn, soňra has inçe şahajyklar we agaç gabyklary bilen gurlan bendiň içinde öý ýasanýarlar. Öý suwuň akymyndan ýokarda ýerleşip, onuň girelgesi suwuň içinde bolýar. Şeýdip olar öz duşmanlaryndan goranýarlar. Olar suwuň çuňlugy bir metrden pes bolan halatynda, ony tutuşlygyna diýen ýaly bekleýän bent gurýarlar. Eger bir metrden çuň bolsa, suwuň aşagyna ýetmeýän köpri görnüşli bent gurýarlar.
Gün şöhlesi bilen işleýän ýelejirediji ulgam: Afrikada ýaşaýan termit garynjalary birnäçe metr beýiklikde ýerüsti hinleri gurýarlar. Bu hinleriň ýeriň astyna uzap gidýän bölegi hem bar. Örän maýda (0,5-1,5 millimetr) garynjalaryň jaýlarynyň üsti çürelip gidýär. Daşyndan seredeniňde toprakdan ýasalan ýönekeýje gurluşa meňzeýän hem bolsa, onuň içinde örän çylşyrymly tunneller bar. Bu “binalarda” howadaky çyglylygy, ýylylygy we kislorody kadaly saklaýan ýelejirediji ulgam bar. Binanyň daşyna düşýän Gün şöhlesi içerdäki howa bilen ýylylyk tapawudyny emele getirip, gözenekler arkaly içerde howa akymyny döredýär. Bu bolsa, içeriniň howasyny çalşyp, çyglylygy we ýylylygy kadaly ýagdaýda saklaýar.