Milli Liderimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä jemgyýetçiligini haýran galdyrýan belent ösüşleriň täze bir taryhy tapgyryna gadam goýdy. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen işleriň çäklerinde bilim ulgamy hem düýpli özgerýär. Geljegimiz bolan ýaşlara bilim we terbiýe berlişiniň hili barha ýokarlanýar. Orta okuw mekdepleriniň okuw-önümçilik binýadynyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, düýpli täzelenmegi, mekdeplerde okatmagyň usullarynyň döwrebap kämilleşdirilmegi, başlangyç bilim bermekde şahsy kompýuterlerden peýdalanylmagy, ýurt we halkara derejelerinde ders bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň bilim almaga bolan höweslerini has-da artdyrýar. Orta mekdeplerde okatmagyň 12 ýyllyk möhletine geçilmegi bilen ýaşlara has çuňňur bilim we terbiýe bermäge giň mümkinçilikler döredildi. Okatmagyň bu möhleti ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine, zerur bolan hünärleri ele almaklaryna onyň täsirini ýetirýär. Orta mekdepde okaýan ýaşlaryň üç dili – türkmen, iňlis we rus dillerini oňat özleşdirmekleri bilen baglanyşykly wezipe hem häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Bilim ulgamyndaky täze wezipeleri durmuşa geçirmek üçin ýokary we orta bilim edaralarynyň öňünde uly wezipeler durýar. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde bilim ulgamyndaky meselelere ünsi çekdi. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň öňünde täze wezipeler goýan milli Liderimiz ähli derejelerde okuw sapaklaryny sanly ulgama geçirmegiň häzirki şertlerde möhüm bolup durýandygyny belläp, iň gowy daşary ýurt tejribesini öwrenmegi, ýurdumyzda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini giňden ornaşdyrmagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem milli Liderimiz şol mejlisiň barşynda degişli Buýruga gol çekip, resminama laýyklykda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň wekilleri Rumyniýada hünärmenleri taýýarlamak boýunça Ýewropada netijeli işler bilen tanyşmak üçin bu ýurda iberildi.
Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň Rumyniýada iş saparynda bolan wekiliýetiniň düzümine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem birnäçesiniň rektorlary goşuldy. Bu saparyň çäklerinde geçirilen duşuşyklarda bilim ulgamyndaky gatnaşyklary has-da giňeltmek, hususan-da ylmy-barlag ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek babatda pikir alşyldy. Türkmen wekiliýeti Braşow şäherine baryp görüp, şol ýerde Rumyniýanyň rektorlar geňeşiniň dabaraly mejlisine hem-de Transilwaniýa uniwersitetiniň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşdylar. Bu saparyň çäklerinde geçirilen gepleşikler örän netijeliligi bilen tapawutlandy. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda birnäçe ylalaşyklar gazanyldy.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň – Braşow şäheriniň Transilwaniýa uniwersitetiniň hem-de Buharestiň ykdysady ylymlar uniwersitetiniň arasynda ähtnamalara, Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ýassy şäheriniň oba hojalyk ylymlary hem-de weterinar lukmançylygy uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyga gol çekildi.
Mundan başga-da, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Buharest şäheriniň raýat inženeriýasy tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.
Şeýle hem bu saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýeti Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy bilen Rumyniýanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik institutynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda”, “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” we “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanan çärä gatnaşdylar.
Ylym we bilim almak üçin ähli şertleri döredýän milli Liderimiziň tutumly işleriniň rowaç, janynyň sag bolmagyny arzuw edýäris!
Jennet HOJANAZAROWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.