6-njy no­ýabr­da ABŞ-nyň Kong­re­si­niň ara­lyk saý­law­la­ryn­da de­mok­rat­lar We­kil­ler pa­la­ta­syn­da (aşa­ky pa­la­ta) köplüge eýe bol­du­lar, res­pub­li­ka­çy­lar bolsa, Se­nat­daky (ýo­kar­ky pa­la­ta) orunlaryny artdyrdylar.
ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Do­nald Tramp res­pub­li­ka­çy­la­ry par­la­men­tiň ýo­kar­ky pa­la­ta­syn­da­ky ýeň­şi bi­len gut­lap, mu­nuň uly üs­tün­lik­di­gi­ni bel­le­di. Saý­la­wyň ne­ti­je­le­ri bi­ler­men­le­riň çak­laý­şy ýa­ly bol­dy. ABŞ-nyň kong­re­si­niň We­kil­ler pa­la­ta­sy­nda ag­dyk­lyk et­mek soň­ky 7 ýy­lyň için­de il­kin­ji ge­zek de­mok­rat­la­ryň pa­ýy­na düş­di. Ýö­ne res­pub­li­ka­çy­lar Se­na­tda­ky orun­la­ry­ny ep-es­li art­dyr­dy­lar.
ABŞ-nyň ara­lyk saý­law­la­ry ýur­duň Pre­zi­den­ti­niň 4 ýyl­lyk we­zi­pe möh­le­ti­niň ara­ly­gyn­da, no­ýab­ryň bi­rin­ji si­şen­be­sin­de ge­çi­ril­ýär. We­kil­ler pa­la­ta­sy­nyň äh­li ag­za­la­ry we Se­na­tyň ag­za­la­ry­nyň üç­den bi­ri tä­ze­den saý­lan­ýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, ştat­la­ryň tä­ze gu­ber­na­tor­la­ry­nyň sa­na­wy mä­lim edil­di.
Kong­re­siň gur­lu­şy
ABŞ-nyň Kong­re­si ka­nun çy­ka­ry­jy or­gan bo­lup, ABŞ-nyň döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň üç sa­ny ýo­ka­ry fe­de­ral or­ga­ny­nyň bi­ri­dir. Onuň yg­ty­ýar­lyk­la­ry ABŞ-nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da kes­git­le­nendir. Kong­res iki pa­la­ta­dan Se­nat­dan we We­kil­ler pa­la­ta­syn­dan yba­rat­dyr. We­kil­ler pa­la­ta­sy öz saý­law ok­ru­gy­na we­kil­çi­lik ed­ýän 435 we­kil­den yba­ratdyr. We­ki­ller pa­la­ta­syn­da­ky orun ştat­la­ryň ila­ty­nyň sa­ny­na gö­rä kes­git­len­ýär.
Se­nat­da 50 ame­ri­kan şta­ty­nyň her­sin­den iki adam, je­mi 100 se­na­tor bolup, her şta­tyň ilat sa­ny­na ga­ra­maz­dan, iki se­na­to­ry bol­ýar.

Ta­ry­hy
ABŞ-nyň il­kin­ji se­bit Kong­re­si 1774-nji ýyl­da Fi­la­del­fi­ýa şta­tyn­da esas­lan­dy­ry­lýar. Ýö­ne bu or­ga­n par­la­ment ha­sap­lanman, ha­ky­kat­da ol şta­tyň we­kil­le­ri­niň gu­rul­ta­ýy­dy.
1776-njy ýyl­da Fi­la­del­fi­ýa­da ge­çi­ri­len se­bit kong­re­sin­de “Ga­raş­syz­lyk jar­na­ma­sy­” ka­bul edil­ýär. Şeý­le hem ştat­la­ryň bi­le­le­şi­gi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­sy­­ny taý­ýar­la­mak ha­kyn­da jar­na­ma ka­bul edil­ýär. Bu mak­sat­na­ma 1781-nji ýyl­da ştat­lar ta­ra­pyn­dan gu­tar­nyk­ly tas­syk­la­nan ABŞ-nyň il­kin­ji ka­nu­ny res­mi­na­ma­sy­nyň – Kon­fe­de­ra­si­ýa­lar mad­da­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne se­bäp bo­lýar. Ne­ti­je­de, yg­ty­ýar­ly or­gan Esa­sy Ka­nu­ny iş­läp düz­ýär we tä­ze Kong­res 1789-njy ýyl­da iş­läp baş­la­ýar.
Kong­res 1800-nji ýyl­da Wa­şing­ton­da­ky Ka­pi­to­liý bi­na­sy­na göç­ýär.