Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli kanunçylygymyzy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdrimek babatda tutumly işler alnyp barylýar. Döwletimiziň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryndaky gatnaşyklary kanunçylyk taýdan düzgünleşdirýän kämil hukuk binýadynyň döredilmegi ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň aýdyň kepilidir.
Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan “Halkara täjirçilik arbitražy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şol Kanunda halkara täjirçilik arbitražyny döretmek we onuň işi bilen baglanyşykly gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.
Ýurtda daşary ýurt kompaniýalarynyň we türkmen tarapy bilen bilelikdäki kärhanalaryň onlarçasy işleýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň halkara ykdysady gatnaşyklarynda hukuklaryny we bähbitlerini goramak hem-de daşary söwda we ykdysady gatnaşyklarynyň beýleki görnüşleri amala aşyrylanda ýüze çykýan jedelleri çözmek boýunça çäreler örän möhüm bolup durýar. Bu ýagdaýlarda işe halkara arbitraž kazyýetlerinde seredilmäge ýykgyn edilýär.
Mundan başga-da, häzirki wagtda Türkmenistan maýa goýumlary goramak babatda hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän birnäçe halkara ylalaşyklara we şertnamalara, şeýle hem döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn şertnamalara gatnaşýar. Türkmenistan döwletleriň we daşary ýurt şahslarynyň arasynda maýa goýum jedellerini çözmegiň tertibi hakyndaky Konwensiýa gatnaşýar. Şol maýa goýum jedellerini çözmegiň tertibini belleýän halkara-hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň has ähmiýetli çeşmesi bolup hyzmat edýär.
“Halkara täjirçilik arbitražy hakynda” kabul edilen Kanun dünýä tejribesini hasaba almak bilen, Türkmenistanda arbitraž institutyny hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň döwrebap we netijeli usulyny döretmäge hyzmat eder.
Halkara täjirçilik arbitražyny jedelleri çözmek üçin iň amatly usul hasap edilýän birnäçe faktorlar bar. Muňa arbitrleri saýlamak, seljerme geçirmek mümkinçiligi, arbitraž çözgütleriniň gutarnyklylygy, arbitraž çözgüdini ýatyrmak üçin esaslaryň çäkli sanawy, gizlinlik, arbitraž işine garalýan ýeri saýlamak mümkinçiligi hem-de beýleki döwletlerde arbitraž çözgütleri ykrar etmegiň we ýerine ýetirmegiň ýeke-täk kadalarynyň bolmagy degişlidir.
Arbitraž işine garalanda taraplaryň arbitraž beýanynda (ylalaşygynda) arbitraž işine garamagyň kadalaryny we ähli jedelleri garamagyna bermäge razylyk berýän halkara täjirçilik arbitražyny özbaşdak kesgitlemäge hukuklarynyň bardygyny bellemelidiris. Mundan başga-da, halkara täjirçilik arbitražynyň çykaran çözgüdi nägilelik ýa-da gözegçilik tertibinde şikaýat edilip bilinmeýär. Bu çözgüt diňe ýatyrylyp ýa-da ony ýerine ýetirmekden ýüz dönderilip bilner.
Kanunda arbitraž çözgütleri ykrar etmekden we ýerine ýetirmekden ýüz dönderilip bilinjek esaslaryň sanawy anyk görkezilendir. Hususan-da, arbitražda çözmek üçin göz öňünde tutulmadyk we arbitraža ýüz tutmagyň şertlerine laýyk gelmeýän ýa-da arbitraž ylalaşygyny ulanmagyň çygyrlarynyň çäklerinden çykýan degişli düzgünleri özünde saklaýan meselelere dahylly jedeller boýunça arbitraž çözgüdi çykarylan ýagdaýynda şeýledir.
Durna Odaýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.