Ene­ler, ene­ler mäh­ri­ban ene­ler,
Siz bol­ma­sa­ňyz, nir­den bol­sun so­na­lar…

Şa­hy­ryň bu se­tir­le­ri­ni ejem söý­gi bi­len kän gaý­ta­laýar­dy. Bel­ki, bu se­tir­ler onuň ýü­rek tö­rü­ne gi­rip, kal­byn­da berk orun alan­dyr. Ýü­rek­den çy­kan söz ýü­re­ge bar­ýar ahy­ryn. Bu hem­mä aýan ha­ky­kat-a.
Ejem hemişe ene­le­riň dö­re­di­ji­di­gi­ni nyg­ta­rdy. Onuň özem şa­hyr ki­min jo­şup-jo­şup söý­leýär­di:

Ene­ler dö­red­ýän­dir be­ýik ogul­la­ry,
Ene­ler dö­red­ýän­dir so­na­la­ry,
Ene­ler be­ýik­dir, sy­nan göw­ne se­ýik­dir.

Ejem ene­le­riň ke­rem-ke­ra­mat­dy­gy­ny yl­ham bi­len nyg­tap şeý­le di­ýýär­di:

Ene­ler per­zent üçin kö­ke­nek,
Ene­ler ji­ger­ben­di üçin ho­za­nak,
Ene­ler ba­la­sy üçin ke­be­lek,
Olar jan­se­rek, jan­dur­ma­zak.

Enä­niň ga­dyr-gym­ma­ty­na özüň ene bo­laň­soň, ha­sam anyk göz ýe­tir­ýän eke­niň. “Ek­lä­niň gad­yry­ny ek­läniň­de bi­ler­siň” di­ýil­ýän paý­has­ly jümlä şon­da ha­sam ymyk­ly dü­şü­nip gal­ýar­syň.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym” at­ly ki­ta­by­ny oka­nyň­da, ene mu­kad­des­li­gi­ne, ene gud­ra­ty­na, enä­niň öňün­dä­ki bor­ju­ňa ha­sam do­ly göz ýe­tir­ýär­siň. Ja­nyn­dan jan be­ren, se­ni bu ýag­ty ja­ha­na ge­ti­ren mäh­ri­ban kä­bä­ňe my­dam to­gap edip, tag­zym edip gez­me­li­di­gi­ne dü­şün­ýär­siň.
Ene­ler gud­rat. Ene eli em­dir, şy­pa­dyr. Enäň eli deg­se, süň­ňüň ýeň­lär, “ja­nym”, “gu­zym”, “ba­lam” di­ýen sö­zleri mel­hem bo­lar. Per­zent üçin yl­ham bo­lar. Ene di­li saý­rak dil­dir. – Eje – di­ýip, ýüz­len­seň, kä­bäň – Nä­me ba­lam! – di­ýip, se­niň mak­sa­dy­ňy ýü­züň­den okar. Söý­gi­ni söý­gi bi­len oýa­ryp, per­zen­di ga­nat­lan­dyr­ýan ene­ler­dir. Ene mäh­ri­niň möwç ur­ýan ýe­rin­de der­dem bol­maz, be­la-be­te­rem. Ça­ga üçin ene goý­nun­dan mäh­rem, eziz ýer ýok­dur. Bu be­ýik bag­ty ta­pan ça­ga­nyň dün­ýä­si mä­hir-mu­hab­bet­den, lez­zet­den pü­re-pür­dür. Uly bol­sun, ki­çi bol­sun per­zent ene mäh­rin­den, ene mu­hab­be­tin­den, enä­niň di­de­le­rin­den suw iç­ýär. Ar­lyk­dan saý­la­nyp, go­lak­dan çy­kan­soň hem, uly adam bo­lup ýe­ti­şen­soň hem per­zent ene gu­ja­gy­na do­la­sy gel­ýär, gu­ja­gyn­da ba­şy­ny goý­a­sy gel­ýär. Bu ene­le­riň kä­be­li­gin­den, da­ba­ny­nyň as­ty­nyň jen­net­li­gin­den ha­bar ber­ýär.
Hal­ky­my­zyň ata-ba­ba­larymyzdan gel­ýän mil­li däp-des­su­rlary bar. Türk­men göw­re­li gel­ne “Toý­ly ge­lin” diý­ýär. Bu türk­me­niň öz ze­na­ny­na ju­da sy­pa­ýy­çy­ly­gyn­dan, aşa mäh­rem­li­li­gin­den ala­mat. Eli bä­bek­li ge­lin öňün­den çyk­sa, ony ýü­zü­ne syl­ýar, du­rup oňa ýol ber­ýär. Ke­rem-ke­ra­mat­dan do­ly enäniň öňün­de baş egil­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de eziz ene­le­ri­mi­ziň sar­pa­sy has-da be­lent tu­tul­ýar. Mu­ňa dur­mu­şy­my­zyň her pur­sa­tyn­da göz ýe­tir­mek bol­ýar. Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň “Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym” at­ly ki­ta­byn­da mäh­ri­ban kä­be­si Ogu­la­bat ejä­niň nus­ga­lyk dur­muş ýo­ly hak­da gür­rüň ber­lip, ene­le­re uly hor­mat go­ýul­ýar. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu mäh­re ýug­ru­lan ese­ri gym­mat­ly gol­lan­ma bo­lup, ýaş nes­li wa­tan­sö­ýü­ji­lik, yn­san­per­wer­lik ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Pe­riş­de ýa­ly kä­be­le­ri­mi­zi wasp ed­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag bolsun, il-ýurt, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li be­ýik iş­le­ri elmy­dama ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Gü­lä­lek Gul­ja­no­wa,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.