Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen, her günümiz ajaýyp ösüşlere, özgerişliklere, taryhy wakalara beslenýär. Milli Liderimiz ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylma-bilime, medeniýete-sungata uly sarpa goýýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiz we sungatymyz, ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň işi has hem döwrebap ösdürilýär. Kitaphana işininiň has hem kämilleşmegine uly mümkinçilikler döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlary döwrebap ylymly-bilimli, ýokary medeniýetli, watansöýüji adamlar edip ýetişdirmek üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ähli welaýatlarda ýokary amatlyklary bolan kitaphanalary guruldy. Okyjylaryň, ýaşlaryň ylma-bilime bolan söýgüsiniň artmagy üçin, täzelikleri, ösüşleri wagyz etmekde, düşündirmekde kitaphana işgärleriniň hem uly orny bar.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz häzirki zaman tehnologiýalaryny medeni ulgama ornaşdyrmak, hususan-da, elektron kitaphana ulgamyny döretmek babatdaky işleri hem hemişe üns merkezinde saklaýar. Kitaphanalary elektron ulgama geçirmegiň maksady, biziň ruhy gymmatlyklarymyz bolan kitaplarymyzy indiki nesillerimize aýawly ýetirmek bilen bir hatarda, okyjylarymyzyň wagtlaryny tygşytlamakdan we maglumatlary tiz wagtda tapyp, olary doly özleşdirmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzda iň uly kitaphana bolmak bilen, welaýat we etrap kitaphanalaryna ylmy-usuly kömek berip durýar.
Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 9-njy noýabrda geçirilen mejlisinde Türkmenistanda kitaphana işini ösdürmek boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi we bu ulgamda sanlaşdyrmak işi bilen ýakynda geçiren tanyşlygyny umumylaşdyryp, ýurdumyzyň ähli kitap gaznalarynyň birikdirilmegi bilen bir bitewi elektron ulgamy döretmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz hepdede bir güni “Kitaphana güni” diýip, yglan etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi.
Häzirki döwürde Türkmenistanda kitaba bolan özboluşly garaýyş has-da aýdyň ýüze çykýar. 2007-nji ýylda Aşgabatda Döwlet medeniýet merkeziniň binalar toplumy, şol sanda Döwlet kitaphanasynyň täze kaşaň binasy açyldy. Soňra ýurdumyzyň Mary, Daşoguz, Balkan we Lebap welaýatlarynda täze kitaphana köşkleri guruldy. Munuň özi kitaphana işiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, oňa dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan anyk çärelerdir. Ýurdumyzyň daşary ýurtlarda geçirilýän kitap sergilerine we ýarmarkalaryna gatnaşmagy işjeňleşdirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 230-sy hereket edýär, olaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň 11 milliona golaýy bar.
Kitaphana işini kämilleşdirmekde döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadygymyza alkyş aýdýarys! Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Gülşat ATAMYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.