Polşanyň PGNiG döwlet nebit-gaz kompaniýasy “Cheniere Marketing International” amerikan kompaniýasy bilen suwuklandyrylan gaz satyn almak boýunça 24 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Gol çekişlik dabarasy ABŞ-nyň Energetika ministri Riçard Perri we Polşanyň Prezidenti Anjeý Dudanyň gatnaşmagynda Warşawada geçirildi.
PGNiG-iň beýanatyna görä, Polşa 2019-2022-nji ýyllar aralygynda her ýylda 0,52 million tonna suwuklandyrylan tebigy gaz alyp, ol 0,7 milliard kubmetr gaza barabardyr. 2023-2042-nji ýyllar aralygynda bolsa, 1,45 million tonna suwuklandyrylan gaz ýa-da 1,95 milliard kubmetr gaz alar.
Bu PGNiG-niň ABŞ-nyň suwuklandyrylan tebigy gazyny satyn almak boýunça ilkinji şertnamasy däldir. Oktýabr aýynda polýak döwlet kompaniýasy ABŞ-nyň “Venture Global LNG” kompaniýasy bilen Polşa 20 ýylyň dowamynda, her ýylda 2 million tonna suwuklandyrylan tebigy gazy, ýagny, 2,7 milliard kub metr gazy ugratmak boýunça şertnama gol çekişdi.
Polşanyň döwlet nebit-gaz kompaniýasy PGNiG satyn alýan gazynyň köp bölegini Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasyndan satyn alýar, emma ony başga ýurtlardan satyn almagyň hem ýollaryny agtarýar. 1996-njy ýylda baglaşylan şertnama laýyklykda, Russiýa Federasiýasyndan Polşa ýylda 10 milliard kubmetre çenli gaz ugratmak göz öňünde tutulýar. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Polşa Russiýadan gaz almagyny 11,7% artdyrdy. Ýurtda gazyň sarp edilişi 2015-nji ýyldan 2017-nji ýyla çenli 15 milliard kubmetre çenli artdy.
Suwuklandyrylan gazyň
eksportuny artdyrar
Russiýa Federasiýasy 2040-njy ýyla çenli ABŞ we Saharanyň günortasyndaky Afrika ýurtlary bilen bir hatarda, suwuklandyrylan tebigy gazyň eksportuny takmynan, 60 milliard kubmetre çenli artdyrar. Bu barada Halkara energiýa agentliginiň (World Energy Outlook 2018) barlaglarynda bellenip geçilýär.
Häzirki wagtda suwuklandyrylan tebigy gazyň 60%-i Kataryň we Awstraliýanyň paýyna düşýär. Emma 2040-njy ýyla çenli ABŞ we Saharanyň günortasyndaky Afrika ýurtlary suwuklandyrylan tebigy gazyň eksportuny takmynan, 90 milliard kubmetre çenli artdyrsa, diňe Russiýanyň bir özi 60 milliard kubmetre çenli artdyrar diýlip, hasabatda tassyklanýar. Barlagda ýatlanyp geçilen üç gaz üpjün edijiniň 2040-njy ýyla çenli bazaryň esasy liderleri bolup, olaryň jemi paýynyň 23%-den 40%-e çenli artjakdygy bellenip geçilýär.
Häzirki wagtda Russiýada suwuklandyrylan tebigy gaz öndürýän iki zawod işleýär. Olaryň birinjisi “Sahalin-2” taslamasy bolup, onuň operatory “Sakhalin Energy”-dir, ýene-de biri bolsa, 2017-nji ýylda “Nowatek” kompaniýasy tarapyndan işe girizilen “Ýamal – STG” taslamasydyr.
Russiýa Federasiýasynyň energetika ministri Aleksandr Nowakyň aýtmagyna görä, ýurt suwuklandyrylan tebigy gaz bazaryndaky paýyny häzirki 4%-den 2035-nji ýyla çenli 15-20% artdyryp biler. Russiýada suwuklandyrylan tebigy gaz üçin esasy ätiýaçlyk gorlary ýurduň demirgazygyndaky Ýamal we Gydan ýarym adalarynda ýerleşip, ol ýerde gaz ätiýaçlyklary 38 trillion kubmetrden hem geçýär.