Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­niň met­bu­gat gul­lu­gy­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, 2019-njy ýy­lyň 23-26-njy ma­ýy ara­ly­gyn­da Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň no­bat­da­ky saý­law­la­ry ge­çi­ri­ler. Onuň ge­çi­ril­me­li wag­ty Ýew­ro­pa Par­la­men­ti bi­len ge­çi­ri­len mas­la­hat­dan soň­ra, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan bi­ra­gyz­dan ma­kul­lan­dy.
1976-njy ýy­lyň saý­law ka­nun­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Par­la­ment saý­law­la­ry iýun aýy­nyň bi­rin­ji hep­de­si­niň pen­şen­be-ýek­şen­be gün­le­ri ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýär. Em­ma bel­le­ni­len möh­let­de saý­law­la­ry ge­çir­mek oňaý­ly däl bol­sa, on­da Ýew­ro­pa ka­nun­la­ry Ýew­ro­pa Par­la­men­ti bi­len mas­la­hat­dan soň­ra, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi­ne saý­law­la­ry baş­ga bir möh­le­te ge­çir­mek ba­ra­da ka­rar ka­bul et­mä­ge yg­ty­ýar ber­ýär.
Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­ne saý­law­lar her 5 ýyl­dan ge­çi­ril­ýär. Mun­dan ozal­ky saý­law­lar 2014-nji ýy­lyň 22-25-nji ma­ýy ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­lip­di. Par­la­men­tiň dü­zü­mi­ne 750 we­kil gir­ýär. Hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ka­nun çy­ka­ry­jy or­ga­nyn­da 8 frak­si­ýa bo­lup, olar­dan kür­sü­le­riň kö­pü­si­ni “Ýew­ro­pa­nyň halk par­ti­ýa­sy” we “Ýew­ro­pa üçin li­be­ral­la­ryň we de­mok­rat­la­ryň bi­le­le­şi­gi” eýe­le­ýär.
Ýew­ro­pa Par­la­men­ti – Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ka­nun çy­ka­ry­jy we we­kil­çi­lik­li or­ga­ny bo­lup, bi­le­le­şi­ge ag­za ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ry ta­ra­pyn­dan saý­lan­ýar. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len bir­lik­de bi­le­le­şi­ge gir­ýän döw­let­le­riň iki pa­la­ta­ly ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy bo­lup, dün­ýä­niň iň tä­sir­li ka­nun çy­ka­ry­jy or­gan­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lan­ýar.
Ýew­ro­pa Parlamenti 1952-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda döredilipdir. Onuň ag­za­la­ry il­ki-il­ki­ler Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ag­za ýurt­la­ryň par­la­ment­le­ri ta­ra­pyn­dan bel­le­nilip­dir. 1979-njy ýyl­dan bä­ri par­la­ment we­kil­le­ri halk ta­ra­pyn­dan saý­lan­ýar.
Ýew­ro­pa Par­la­men­ti Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň 7 ins­ti­tu­ty­nyň bi­ri­dir. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň Fran­si­ýa­nyň Stras­burg, Bel­gi­ýa­nyň Brýus­sel şä­her­le­rin­de hem-de Lýuk­sem­burg­da mas­la­hat­lar za­ly bar. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti, esa­san, Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­na, ka­nun­la­ra we býu­je­te gö­zeg­çi­lik ed­ýär. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti ýolbaşçysyny 2,5 ýyl möh­let bi­len saý­la­ýar. 2017-nji ýy­lyň 17-nji ýan­wa­ryn­dan bä­ri Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­ne 65 ýaş­ly An­to­nio Ta­ýa­ni baş­lyk­lyk ed­ýär.

Ýun­ke­riň ýe­ri­ne
Manf­red We­ber ge­ler

Ne­mes syýa­sat­çy­sy Manf­red We­ber 2019-njy ýyl­da Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň saý­law­la­ryn­da Ýew­ro­pa­da has tä­sir­li sy­ýa­sy güýç bo­lan “Ýew­ro­pa­nyň halk par­ti­ýa­sy” ta­ra­pyn­dan Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy­nyň we­zi­pe­si­ne ýe­ke-täk da­laş­gär hök­mün­de hö­dür­len­di. Şeý­le ka­rar par­ti­ýa­nyň Hel­sin­ki­de ge­çi­ri­len gu­rul­ta­ýyn­da ka­bul edil­di. Bu barada par­ti­ýa­nyň ýaý­ra­dan be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär.
Onuň esa­sy bäs­de­şi Finl­ýan­di­ýa­nyň ozal­ky Prem­ýer-mi­nist­ri Alek­sandr Stubb bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, Manf­red We­ber Žan-Klod Ýun­ke­riň ýe­ri­ne Ýew­ro­ko­mis­si­ýa­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne esa­sy da­laş­gärdir.
Sy­ýa­sat­çy­lar Ýew­ro­pa­nyň iň ab­raý­ly sy­ýa­sat­çy­sy We­be­riň saý­lawlarda ýeňiş gazanan halatynda, Ger­ma­ni­ýa­nyň Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de tä­si­ri­niň art­jakdygyny öňe sürýärler. Hä­zir­ki wagt­da Manf­red We­ber Ýew­ro­pa Par­la­men­tin­de ag­dyk­lyk ed­ýän “Ýew­ro­pa­nyň halk par­ti­ýa­sy­na” ýol­baş­çy­lyk ed­ýär.
Bu par­ti­ýa umu­my Ýew­ro­pa­nyň sy­ýa­sy par­ti­ýa­sy bo­lup, 1976-njy ýyl­da esas­lan­dy­ryl­ýar. Ol Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň hris­ti­an-de­mok­ra­tik we kon­se­rwa­tiw par­ti­ýa­la­ry­ny öz içi­ne al­ýar. Onuň ştab-kwar­ti­ra­sy Bel­gi­ýa­nyň paý­tag­ty Brýus­sel­de ýer­leş­ýär.