… Şol gün Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” kinostudiýasy diýseň köp adamly bolupdy. Çünki ol gün bu ýere paýtagtymyzyň we welaýatlarymyzyň teatrlarynyň artistleri gelýärdiler. Şol wagtlar Türkmenistanyň halk artisti kinorežissýor Kakow Orazsähedowyň surata düşüren “Çakan aga” atly täze çeper filminiň taýýarlyk döwri gidýärdi. Kakow aga filmde keşp janlandyrjak artistleri surata alyş synaglaryndan geçirýärdi. Şol artistleriň içinden bolsa, gysga boýlurak, dolmaç ýüzleri gülüp duran bir adam meniň gözüme kaklyşdy. Göwnüme bolmasa, men ony öňem bir ýerde gören ýalydym. Şondan kän wagt geçmänkä-de haýsy keşbe haýsy artistiň bellenilendigi anyklandy. Filmiň baş gahrymany Çakan aganyň keşbini janlandyrmak hälki adama ynanyldy. Görüp otursam, ol teatr artisti, sahna ussady Nurmyrat Annamyradow bolsa nätjek.
Ýiti zehinli, päk ýürekli, halypa artist Nurmyrat Annamyradow isle teatryň sahnasynda bolsun, isle-de kinofilmde elmydama keşp janlandyrmaklyk ynanylanda, režissýoryň ynamyny ödejek bolup, jany-teni bilen ýapyşardy. Ol her hili ýagdaý bolanda-da, şol keşpden baş alyp çykmagy başarýardy, ugurtapyjydy, janypkeşdi. Şonuň üçin hem ol özüniň yhlas edip döreden keşpleri arkaly halkyň aňynda galmagy başarypdy. Ol ýaşan döwründe halkymyza päk ýürekden medeniýetli hyzmat etdi. Her bir ynsan bu dünýäde ýaşan wagtynda, haýyrly iş edip halkyň aňynda galyp bilse, ol döwletlilikden nyşan, ol adamy halk hem hiç wagt unutmaýar.
Nurmyrat Annamyradow 1947-nji ýylyň iýun aýynda Köpetdagyň etegindäki Köşi obasynda eneden dogulýar. Nurmyradyň ýaşlygy Beýik Watançylyk urşundan soňky kynçylykly ýyllara gabat gelýär. Ol ýaşlykdan artist bolmagy arzuw edýär. Şol arzuw hem ony 1966-njy ýylda Daşkendiň Ostrowskiý adyndaky teatral çeperçilik institutyna alyp barýar. Nurmyrat bada-bat institutyň drama kino aktýory bölümine resminamalaryny tabşyrýar we döwlet synaglaryndan üstünlikli geçip, talyplyga kabul edilýär. Ol institutda Türkmenistanyň halk artistleri Rejep Gurbanow, Welmyrat Amanow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aşyr Işangulyýew, şeýle-de artist Hurma Iskenderowa, Türkmen telewideniýesiniň režissýory Aman Rejepow dagy bilen bir kursda okaýar. Olaryň toparyna aktýor ussatlygy sapagyndan Mark Rubenşteýn, sahna dil sapagyndan bolsa, ussat pedagog Nazira Aliýewa we beýleki mugallymlar tälim berýärler.
Okuwynyň soňky ýylynda diplom işi üçin Nurmyradyň okaýan topary rus ýazyjysy A. S. Puşkiniň “Kiçi tragediýalar” atly eserinden bir bölegi sahnalaşdyrýarlar. Şol oýunda Nurmyrat baş gahryman Riçardyň ogly Alberdiň, kursdaşy Welmyrat bolsa, Riçardyň keşbinde çykyş edýär. Ol keşpler institutyň pedagoglary tarapyndan oňat kabul edilip, mynasyp baha alýar. Şeýlelikde, Nurmyrat 1970-nji ýylda okuwy tamamlap, Mollanepes teatrynda ýaş artist hökmünde işe başlaýar. Ol şol wagtlar Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Köşi obasynda ýaşansoň, teatryň artistleri oňa Nurmyrat köşüli diýip ýüzlenipdirler. Hut meniň özüme-de Nurmyrat aga bilen kinofilmde bilelikde çykyş etmek bagty miýesser edipdi. Men ol wagtlar Türkmen telewideniýesinde işleýärdim. Bir gün hem şol wagtlar telewideniýäniň baş režissýory bolup işleýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Oraz Çerkezow “Ýusup-Ahmet” filmini surata düşürmäge başlamakçydygyny, şol filmde bolsa maňa hem keşp janlandyrmagy ynanýandygyny aýtdy. Soňra ol film surata düşürilip başlandy. Nurmyrat aga hem bir keşp berildi.
Nurmyrat aga teatrda işlän döwri halypa artistler Sona Myradowa, Sabyr Ataýewa, Mama Babaýewa, Muhammet Çerkezow, Annamyrat Berdiýew, Aman Gurbandurdyýew, Baýram Sadykow, Gündogdy Hakgyýew dagydan aktýorlyk ussatlygynyň inçe tilsimlerini öwrendi. Ol teatryň sahnasynda dürli kärdäki dürli häsiýetli, dürli ykbally keşpleriň ençemesini biri-birine meňzetmän janlandyryp, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başarypdy. Olaryň arasyndan, esasan, “Il oglunda” Aýtakow, “Hanumada” Mikiç, “Şagallaryň pirinde” Babaýew, “Tüpeňli adamda” Çibasow, “Iki aganyň hyzmatkärinde” hyzmatkär, “Hazar han we onuň ogullarynda” Altyjan, “Suw damjasy – altyn dänesinde” Anzar Atdaýewiç, “Batyr Jerende” nökerbaşy, “Gyz salgydynda” Hanow Şa, “Ykbalda” Diwal, “Gelinleriň gozgalaňynda” Kämil, “Keýmir körde” Ahmet, “Keremli kitapda” Agöýli, “Söýüň gara gözlerimde” Görogly, “Synmaz erikde” Çingiz han ýaly keşpler teatr muşdaklarymyzyň gyzgyn söýgüsini gazanan keşplerdir.
Nurmyrat aga teatrda işlän döwürleri esasy işiniň daşyndan döwlet derejesinde geçirilýän medeni çärelerden hem çetde durmaýar. Ol “Türkmenfilm” kinostudiýasy, şeýle-de Türkmen telewideniýesi bilen elmydama aragatnaşyk saklap, özüniň ussat aktýorlygyny äşgär edip, ençeme keşpleri janlandyrýar. Nurmyrat Annamyradow ýaş artistler bilen hem ýakyn aragatnaşyk saklap, olardan özüniň halypalyk maslahatlaryny gysganmaýar.
Nurmyrat aga kino sungatynda diňe bir Çakan aganyň keşbini janlandyrman, eýsem, başga-da ençeme filmlerde dürli keşpleri ýerine ýetirdi. “Gyzykly gezelenç”, “Deňziň däli gaýalary”, “Mertebe”, “Şaýly gelin”, “Gedaý bagşy”, “Kazylyk at”, “Söýginiň bir pursaty” ýaly çeper filmlerde döreden keşpleri kino muşdaklarynyň uly söýgüsine mynasyp boldy. Nurmyrat aga türkmen kino sungatynda diňe bir keşp janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, filmleri türkmen diline geçirmegiň hem ussadydy. Onuň sadadan sypaýy, mylaýym sesi bardy. Ol aýdym aýdyp, saz çalmagyň hem hötdesinden gelýärdi.
Nurmyrat aga mylaýym, gulaga ýakymly sesi bilen ençeme daşary ýurtly artistleri türkmençe gepledipdi. Nurmyrat Annamyradowyň türkmen teatr hem kino sungatyna goşan önjeýli goşandy, ençeme ýyllaryň dowamynda çeken döredijilikli zähmeti göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk artisti diýen belent atlar dakylýar. Şonuň ýaly-da, ol Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň, “Watana bolan söýgüsi üçin”, “Gaýrat” medallarynyň hem eýesidir.
Türkmenistanyň halk artisti Welmyrat Amanow kursdaşy Nurmyrat Annamyradowy buýsanç bilen ýatlaýar:
— Nurmyrat institutda okaýarka-da diýseň zehinlidi, tertiplidi. Şonuň üçin hem kursdan-kursa geçiş synaglary tabşyrylanda, aktýor ussatlygy sapagy boýunça sahnalaşdyrylýan oýunlarymyzda mugallymymyz her gezek Nurmyrada baş keşbi janlandyrmagy ynanýardy. Nurmyradyň aktýorçylyk zehininden daşary aýdym aýtmak, saz çalmakdanam başy çykýardy. Onuň bagşa mahsus oňat sesi bardy. Şonuň üçinem okuwumyzyň ýarysyna baranymyzda mugallymlarymyz oňa okuwyny konserwatoriýa geçirdip, aýdym-saz ugrundan hünär almaklygy-da teklip edipdiler. Emma Nurmyradyň artistçilik kärine bolan yhlasydyr höwesi ondan üstün gelýärdi. Ol teatryň sahnasynda janlandyrýan keşplerinde aýdym aýdyp, saz çalmany hem başarýardy. “Söýüň gara gözlerim”, “Harman däli” ýaly spektakllardaky ýerine ýetiren Göroglynyň keşbinde aýdyma-da hiňlenýärdi.
Nurmyrat aktýor hökmünde-de, ýoldaş hökmünde-de örän ýakymlydy. Ol elmydama şadyýandy. Onuň bilen ýoldaş bolsaň kösenjek gümanyň ýokdur. Çünki, Nurmyrat ukyplylygy bilen ugurtapyjydy, iş başarjaňdy. Umuman, Nurmyrat Annamyradow hakynda näçe öwgüli sözleri aýtsaň hem bärden gaýdýar. Sebäbi onuň beýik adamkärçilikli sypatlary bardy.
Hawa, Nurmyrat aga barada onuň bile işleşen ýoldaşlary-da, kärdeşleri-de mahlasy ony tanaýanlaryň ählisi diňe öwgüli sözleri aýdýarlar. Ony ýagşylykda ýatlaýarlar.
Bu günki gün Nurmyrat aganyň bagtly maşgalasynda dört ogly, dört gyzy, dokuz sany-da agtygy bar. Ýeri gelende, Nurmyrat aganyň uly ogly Çaryýar Annamyradowyň “Ata kesbi ogla halal” diýen pähime eýerip, kakasynyň kesp-kärini ýöredip ýörenligini-de aýtmagymyz gerek. Ol Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda zehinli aktýorlaryň hatarynda tanalýar. 2017-nji ýylyň iýun aýynda geçirilen Medeniýet günlerine gabatlap teatryň sahnasynda sahnalaşdyrylan “Görogly we Agaýunus” atly täze spektaklda Çaryýar Annamyradow baş keşp — Göroglynyň keşbini ussatlarça janlandyryp, teatr muşdaklarymyzyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.
Uly gyzy Gurbangül Annamyrat aganyň öz zähmet çeken teatry Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda artistlere geýim geýdiriji bolup zähmet çekýär. Nurmyrat aganyň körpe gyzy Çynar bolsa, Türkmen döwlet medeniýet institutyny tamamlap, öz ugrundan zähmet çekýär.
Köpleriň halypasy, ussat aktýor, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Nurmyrat Annamyradow 2012-nji ýylyň fewral aýynda aradan çykýar. Köpleriň söýgüsini gazanan päk ýürekli ynsan biziň ýüreklerimizde elmydama ýaşar.
Akmyrat Hojaberdiýew,
Teatr sungatyny öwreniji.