Io­gann Se­bast­ýan Bah (1685-1750 ý) dün­ýä bel­li ne­mes kom­po­zi­to­ry, saz mu­gal­ly­my, or­gan­çy hem-de ka­pel­meýs­ter­dir. Ol öz öm­rün­de dür­li žanr­lar­da (ope­ra­dan baş­ga) 1000-den gow­rak saz ese­ri­ni döretdi. Se­bast­ýan Bah örän ze­hin­li sa­zan­da bo­lup, tu­tuş dün­ýä­de giň­den ta­na­lýar. Ol 30-njy ýyl­la­ryň iň ök­de or­gan­çy­sy hök­mün­de-de meş­hur­lyk ga­za­nyp­dyr.
Bu dün­ýä bel­li sun­gat
iş­gä­ri ba­ra­da kä­bir
gy­zyk­ly mag­lu­mat:
Se­bast­ýan Ba­hyň ga­ryn­daş­la­ry­nyň 50-ä go­la­ýy go­wy sa­zan­da bo­lup­dyr.
Ba­hyň 4 ça­ga­syn­dan iki­si kom­po­zi­tor bo­lup­ ýetişýär.
Onuň dö­re­di­ji­li­gi­niň mi­ra­sy saz sun­ga­ty­nyň ba­rok­ko gör­nü­şi­niň umu­my­laş­dy­ryl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr.
Ol 8 ça­ga­ly maş­ga­la­nyň iň ki­çi­si­dir.
Io­gann Se­bast­ýan Bah 15 ýa­şyn­da mu­kad­des Mi­hai­liň mek­de­bin­de wo­kal ug­run­dan bi­lim alyp­dyr.
Bah 1703-nji ýyl­da Io­gann Er­nes­tiň köşk sa­zan­da­lygyna bel­le­nip­dir.
Io­gann Se­bast­ýan Bah öz öm­rün­de 8 şä­her­de ýa­şap­dyr.
1723-nji ýyl­da Ba­hyň ady­ny gö­ter­ýän jem­gy­ýet esas­lan­dy­ry­lyp­dyr.
Ger­ma­ni­ýa­nyň Leip­sig şä­he­rin­de onuň ýa­dy­gär­li­gi otur­dy­lyp­dyr.
Ba­hyň dö­re­di­ji­li­gi Gün­ba­tar Ýew­ro­pa­da iň bir ýo­ka­ry de­re­jä my­na­syp­dyr.
Bah ara­dan çy­kan­dan 200 ýyl­dan soň­ra onuň eser­le­ri­niň sanawy çap­dan çy­ka­ry­lyp­dyr.
“Bah” sö­zü­niň ma­ny­sy ne­mes di­lin­den ter­ji­me edi­len­de “çeş­me” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär.
Bah ko­fe iç­me­gi go­wy gö­rüp­dir we bu içgä ba­gyş­lap aý­dym hem dü­züp­dir.
Onuň dö­re­den saz­la­ry­nyň kä­bi­ri uku­syz­ly­ga hem kö­mek ed­ýän­di­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp­dyr.

Aý­na Nu­ry­ýe­wa,
Türk­men döw­let me­de­ni­ýet we sun­gat
mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.