Gury ýerde bolşy ýaly, ummandyr deňizler hem öz goýnunda örän ajaýyp tebigy gözellikleri saklaýar. Şeýle täsinlikleriň biri hem “mawy çukur” diýlip atlandyrylýan çukurlardyr. Bu täsinlikler deňiz derejesiniň häzirkiden has pes döwürlerinde emele gelipdir. Deňziň içindäki bu “howuzlaryň” adatça, agzy tegelek, gapdaly dik bolup, onuň reňki töweregindäki suwdan has hem goýy görünýär. Çuň suwuň ýalpak suwdan mawy bolup görünmeginiň sebäbi bolsa, suw molekulalary gyzyl şöhleleri özüne çekýär, gök şöhleler bolsa, suwuň düýbüne çenli ýetip, yzyna serpikýär. Suwuň durulygy, ýagny suwda şöhläniň yza serpikmegine we ýaýramagyna sebäp bolýan gaty bölejikleriň az bolmagy hem-de deňziň düýbündäki karbonat ýygyndylary suwuň reňkini berýär. Iň çuň mawy çukur 2016-njy ýylda Günorta Hytaý deňzinde tapyldy. Dragon atly bu ýeriň çuňlugy 300 metre barabar. Çuňlugy 202 metre deň bolan Bahamalardaky Diniň mawy çukury bolsa, ikinji ýerde durýar. Belize Rif ulgamyndaky Uly mawy çukuryň diametri 300 metrden gowrak bolup, çuňlugy 125 metre barabar. Bu ýer 1996-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizildi. Orta Amerikadaky Beliz döwletiniň golaýyndaky bu ýer planetanyň suwasty gözelligi görmek üçin iň gowy ýer hasaplanýar.