Eri­ka­nyň gü­li (“Se­la­gi­nel­la le­pi­dop­hyl­la”) at­ly çöl­de bit­ýän ösüm­lik suw­suz­ly­ga örän çy­dam­ly bo­lup, gu­rak dö­wür­de ýap­rak­la­ry­ny içi­ne çe­kip, top ýaly ýygrylýar. Sä­hel­çe yga­lyň düş­me­gi bi­len gys­ga wagt­da gül ýaly açy­lyp, ha­ma­na gaý­ta­dan di­re­len ýa­ly bolýar.
Bam­buk aga­jy iki ýyl­dan bir ge­zek, hem­me­si bir wagt­da gül aç­ýar.
Kä­bir ösüm­lik­ler mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýär.
Ana­nas mi­we däl-de, bak­ja eki­ni­dir.
Ýer ýüzündäki bä­gül­le­riň 80 gö­te­ri­mi­niň ata wa­ta­ny Azi­ýa ýurt­la­ry­dyr.
Dün­ýä­de bä­gül­le­riň 15 müň tö­we­re­gi gör­nü­şi bar.
Dün­ýä­niň iň gym­mat gül­le­ri­niň bi­ri bo­lan al­tyn or­hi­de­ýa Ma­laý­zi­ýa­nyň Ki­na­ba­lu da­gyn­da ös­ýär. Ol 15 ýyl­dan soň­ra gül­le­ýär.
Pyr­ty­kal aga­jy bir asyr­dan gow­rak wagt­lap mi­we ber­ýär. Hur­ma mi­we­si adam be­de­niniň ta­lap ed­ýän äh­li mad­da­la­ry­ny özün­de jem­le­ýän seý­rek iý­mit­le­riň bi­ri­dir.
Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da ös­ýän bao­bab aga­jy­nyň şa­ha­la­ry­nyň ýaý­ra­wy öz bo­ýu­na de­ňe­çer bol­ýar.
Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da go­wy söz­ler aý­dy­lan ýa-da ýa­kym­ly aý­dym-saz diň­le­di­len ösüm­lik­le­riň has çalt ös­ýän­di­gi anyk­lan­dy.
Bel­ka­lar soň tapyp iýe­rin di­ýen pi­kir bi­len, ýe­re agaç go­za­la­ry­ny göm­ýär­ler. Ola­ryň kö­pü­si unu­dy­lyp, her ýyl­da müň­ler­çe tä­ze na­ha­lyň gö­ger­me­gi­ne se­bäp bol­ýar.