Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len türk­men döw­le­ti köp san­ly ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki mas­la­hat­la­ryň ge­çi­ril­ýän ýur­du­na öw­rülmek bilen bir hatarda, beý­le­ki ta­rap­dan bol­sa, iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­lar­dyr mak­sat­na­ma­la­ryň baş­lyk­ly­gy­ny ama­la aşyr­ýar. Ýur­du­my­zyň gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li döw­let­ler we hal­ka­ra gu­ra­ma­lary bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak ýörelgesi mil­li Li­de­ri­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Go­laý­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk (CAREC) Mak­sat­na­ma­sy­nyň 17-nji mi­nistr­ler mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da Türk­me­nis­tan bu mak­sat­na­ma baş­lyk­lyk ed­ýär. Türk­me­nis­tan bi­len bir ha­tar­da, Ow­ga­nys­tan, Azer­baý­jan, Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy, Gru­zi­ýa, Ga­za­gys­tan, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy, Mon­go­li­ýa, Tä­ji­gis­tan, Öz­be­gis­tan hem-de Pa­kis­tan bu mak­sat­na­ma ag­za ýurt­lar­dyr.
Mak­sat­na­ma­nyň Aş­ga­bat­da­ky mas­la­ha­ty üs­tün­lik­li ta­mam­lan­dy. On­da mak­sat­na­ma­nyň 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin söw­da ul­ga­myn­da tä­ze ut­gaş­dy­ry­lan mak­sat­na­ma­sy hem-de 2018 – 2020-nji ýyl­lar üçin üç ýyl­lyk stra­te­gik me­ýil­na­ma­sy ka­bul edil­di. Bu mak­sat­na­ma Azi­ýa­nyň Ösüş ban­ky, Bü­tin­dün­ýä ban­ky, Ys­lam ösüş ban­ky, Ýew­ro­pa­nyň Tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky, Hal­ka­ra pul gaz­na­sy, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösüş mak­sat­na­ma­sy bi­len ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýär.
Aş­ga­bat mas­la­ha­tyn­da 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin söw­da ul­ga­myn­da­ky mak­sat­na­ma­dan ugur al­nan­da, CAREC mak­sat­na­ma­sy se­bi­ti­niň yk­dy­sa­dy­ýe­ti yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar. Mu­ňa mak­sat­na­ma­nyň we Azi­ýa­nyň Ösüş ban­ky­nyň res­mi in­ter­net saýt­la­ryn­da­ky yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler hem gü­wä geç­ýär. 2018-nji ýyl­da bu gör­ke­zi­ji 2016-njy ýyl­da­ky 3,5 gö­te­rim­den, 2017-nji ýyl­da­ky 4,7 gö­te­rimden ta­pa­wut­la­nyp, 4,8 gö­te­ri­me deň bol­dy. Äh­lu­mu­my ha­ryt söw­da­sy 2017-nji ýyl­da 10,7 gö­te­rim bol­dy. Ge­çen ýyl Hy­taý bi­len CAREC mak­sat­na­ma­sy­na gir­ýän beý­le­ki ýurt­la­ryň ara­syn­da ha­ryt do­la­ny­şy­gy 2,38 gö­te­rim ar­typ, 54 mil­liard dol­la­ra deň bol­dy (2016-njy ýyl­da 44 mil­liard dol­lar bo­lup­dy).
Azi­ýa Ösüş ban­ky CAREC mak­sat­na­ma­sy bi­len iş­jeň hyz­mat­daş­lyk ed­ýän ma­li­ýe eda­ra­la­ry­nyň bi­ri­dir. Ban­kyň ýol­baş­çy­sy Ta­ke­hi­ko Na­kao­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, CAREC-2030 mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi üçin bank ta­ra­pyn­dan 2018-2022-nji ýyl­lar­da 5 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ma­li­ýe se­riş­de­si bö­lü­nip ber­ler. Azi­ýa­nyň Ösüş ban­ky­nyň maglumatlaryna görä, 2001-nji ýyl­da dö­re­di­len CAREC mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de 32,9 mil­liard dol­lar möç­be­rin­de ulag, ener­ge­ti­ka we söw­da ul­gam­la­ryn­da 190 se­bit tas­la­ma­sy ama­la aşy­ryl­dy. Şol tas­la­ma­la­ryň 1,9 mil­liard dol­la­ry Azi­ýa­nyň Ösüş ban­ky, 13,4 mil­liard­y beý­le­ki hyz­mat­daş­la­ry – Bü­tin­dün­ýä ban­ky, Ys­lam Ösüş ban­ky, Ýew­ro­pa­nyň Tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ril­di.
CAREC mak­sat­na­ma­sy­nyň Aş­ga­bat mas­la­ha­tyn­da ulag-ara­gat­na­şyk, ener­ge­ti­ka, ne­bit­gaz, oba ho­ja­ly­gy, söw­da ýa­ly en­çe­me ugur­lar bi­len bir ha­tar­da bir bi­te­wi Mer­ke­zi Azi­ýa ener­gi­ýa ul­ga­my ar­ka­ly oňa Türk­me­nis­ta­ny bi­rik­dir­mek işi­ni ta­mam­la­mak ha­kyn­da me­se­lä se­re­dil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýag­da­ýyň türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň goň­şy döw­let­le­re, hu­su­san-da, Tä­ji­gis­ta­na ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak üçin goş­ma­ça müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň ozal hem dä­be öw­rü­len do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na esas­la­nyp, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün et­mek­de gol­daw be­ren­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Mas­la­ha­tyň bar­şyn­da iki tas­la­ma – Türk­me­nis­ta­nyň mil­li elekt­rik ul­ga­my­ny ber­kit­mek hem-de Tä­ji­gis­ta­ny Mer­ke­zi Azi­ýa ener­ge­ti­ka ul­ga­my­na bi­rik­dir­mek tas­la­ma­la­ry bo­ýun­ça yla­la­şyk­la­ra gol çe­kil­di. Yla­la­şyk­la­ryň iki­si hem Azi­ýa­nyň Ösüş ban­ky ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ri­ler.
Umu­man aý­dy­lan­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan umu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň, ösü­şiň we ro­waç­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň hem­me­ta­rap­la­ýyn ber­ki­dil­me­gi­ne yg­rar­ly bo­lup gal­ýar. Ýur­du­myz dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň hö­küm sür­me­gine, dur­nuk­ly ösü­şiň has-da iler­le­dil­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýan ýurt­la­ryň ha­ta­ryn­da­ky or­nu­ny mä­käm­leş­di­rip, dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bol­dy. Äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk hem-de dur­nuk­ly ösüş üçin mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ryny öňe sür­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tut­ýan tu­tum­ly iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! Ösüş­le­riň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy he­mi­şe be­len­de gal­syn!

Mäh­ri At­da­ýe­wa,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň
mu­gal­ly­my.