Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen kitaphanalara aýratyn ähmiýet berilýär, olaryň baýlaşmagyny, halka elýeterli bolmagyny gazanmakda uly işler alnyp barylýar.
Taryhdan mälim bolşy ýaly, biziň pähim-parasada çuňňur sarpa goýan ata-babalarymyzyň tagallasy bilen türkmen topragy täsin kitaplaryň mekany, dünýä ylmyndan söhbet açýan seýrek neşirleriň saklanýan ýurdy hökmünde belli bolupdyr. Muny uzak asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen Türkmenistanyň “altyn ojagy” hökmünde ady äleme dolan Merwde, Köneürgençde we beýleki ýerlerde hereket eden kitaphanalar doly subut edýär. Ol ýerdäki kitaphanalar dünýä alymlarynyň iň islegli merkezleri hökmünde uly abraýa eýe bolupdyr. Taryhy maglumatlar diňe gadymy Merwiň özünde on bäş sany kitaphananyň bolandygyny tassyklaýar. Dünýä ylmynyň dürli ugurlaryndan söhbet açýan ol kitaphanalardan alymlar giňden peýdalanyp, öz dünýägaraýyşlaryny ösdüripdirler.
Hormatly Prezidentimiz: “Kitap adamzadyň köňül nagşydyr, ol medeni gymmatlyk hökmünde ruhy baýlyga öwrülip, adamlaryň ýüreklerine ýol salyp bilýär” diýip, jaýdar belleýär. Muny halkymyzyň geçen taryhy döwürleri doly subut edýär. Geçmişde ata-babalarymyz kitaba çuňňur gadyr goýmak bilen çeper sözüň, pähim-parasadyň üsti bilen köňüllerden-köňüllere ýol salypdyrlar. Muny tanymal söz ussady Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynda öz guba düýesini kitaba çalyşýan Welmyrat aganyň keşbinde hem görmek bolýar.
Şeýle eserleriň hatarynda halkymyzyň ruhy ganaty bolup gelen “Görogly” şadessanyny-da, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysyny-da görkezmek bolar. Ol eserler halkymyzy hemişe ruhy rowanlyga atarypdyr. Adamlar olardan ruhy lezzet alyp, geljege bolan ynamyny berkidipdirler.
Häzirki döwürde ruhy medeniýetimiziň aýnasy, taryhyň beýany, geljege ýol görkeziji şamçyrag bolan kitaphanalaryň gerimini giňeltmek babatda hormatly Prezidentimiz yzygiderli alada edýär. Eziz Arkadagymyz ähli ösüşleriň özeni bolan ylym-bilime, halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna ýardam etmek maksady bilen, paýtagtymyzda we gözel Diýarymyzyň ähli künjeginde kitaphanalaryň işini täze özgertmelere eýe edýär.
Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 19-njy oktýabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň esasy kitaphana işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz bu ugurda bar bolan dünýä tejribesini öwrenmek hem-de ýokary üstünlikleri ýurdumyzda ornaşdyrmak babatda ýörite görkezmeleri berip, milli Liderimiz degişli ýolbaşça kitaphanalaryň we beýleki medeni-aň bilim edaralarynyň işini seljermegi tabşyrdy. 7-nji noýabrda bolsa, hormatly Prezidentimiz Döwlet medeniýet merkezine baryp, Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de ony giňeltmek bilen baglanyşykly meseleler bilen tanyşdy.
Tanyşlygyň barşynda milli Liderimiz Döwlet medeniýet merkezine degişli üç binanyň kitaphana berilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde döwlet Baştutanymyz binada dürli derejedäki duşuşyklary, şol sanda alymlar, ýazyjylar bilen duşuşyklary geçirmek, döredijilik agşamlaryny, bäsleşikleri guramak üçin möhüm şertleriň döredilmelidigini belledi.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda ylmy, usulyýet hem-de medeni aň-bilim işleri yzygiderli alnyp barylýar. Döwlet kitaphanasynyň işini ösdürmek hem-de giňeltmek geljekde ylmy, usulyýet işlerini has-da giň mazmunda ýaýbaňlandyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň milli aň-düşünjesini ýokarlandyrmakda, özgertmeleri dolulygyna we giň mazmunda durmuşa ornaşdyrmakda uly mümkinçilikleri açar.
Kitap – ylymlaryň çeşmesi. Kitap bilen dünýä açylýar. Okyjy kitaby özüne baky ýaran edinip dünýä bilen tanyşýar, älem-jahana gaýybana syýahat edýär. Dünýä okyjylary kitaplaryň üsti bilen türkmen topragynda gazanylýan ýokary ösüşler, halkymyzyň milli buýsançlary, däp-dessurlary, edim-gylymlary bilen içgin tanyşýarlar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet we jemgyýetçilik kitaphanalarynyň 230-sy hereket edýär, olaryň kitap gaznasynda dürli neşir önümleriniň 11 milliona golaýy bar. Halkymyz hemişe özüne ata-babalarymyzdan miras galan “Ýüz okasaň ýanyňda, müň okasaň janyňda”, “Ýüz okasaň ýat bolar, müň okasaň binýat bolar” diýen pähimlerini gursagyna guýup gelipdirler. Bu parasatly pähimler kitabyň adamzat durmuşy üçin diýseň uly ähmiýete eýedigini görkezýär.
Goý, halkymyzyň medeni durmuşynyň ýokary ösüşlere beslenmeginiň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Aýyt ANNAÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.