Bitaraplyk öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Gojaman taryhyň habar bermegine görä, ata-babalarymyz goňşy ýurtlar, halklar bilen hemişe agzybir, oňşukly, parahat, özara düşünişmek ýagdaýynda ýaşapdyrlar. Olar beýleki milletleriň medeniýetini, däp-dessurlaryny, dini ynançlaryny hormatlapdyrlar. Şeýlelikde, goňşy bilen goňşynyň özara ylalaşykda ýaşamagynyň, birek-birege sylag-hormat goýmagyň berk düzgüni durmuşyň üýtgewsiz kadasyna öwrülipdir.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda dünýä bileleşigine işjeň goşulyşmak, daşary ýurtlar bilen deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklary alyp barmak, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli goňşuçylyga, ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik däplerine mahsus daşary syýasaty netijesinde, amal edilýän belent işleriň käbiri dogrusynda mysallara ýüzleneliň.
Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Serhetabat – Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Şol gün owgan böleginiň gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan halkara gaz geçirijisi hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer işleriniň sanawyny bezedi.
Şu ýylyň 21-nji noýabrynda bolsa, Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina şäherçesinde Türkmenistanyň serişdeleriniň hasabyna gurulýan 500 orunlyk metjidiň we bu ýerden geçýän demir ýoluň gurluşygyna badalga berildi.
Geljekde Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýoly hem işe giriziler. Bu günki gün demir ýoluň Kerki – Ymamnazar – Akina böleginiň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynda oňyn özgerişlikler amala aşyrylýar.
Ýeri gelende bellesek, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019–2021-nji ýyllarda dürli ugurlar bilen bir hatarda, ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan bilelikdäki toparyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Ýurdumyzda ulag aragatnaşyk ulgamynyň ygtybarly hukuk binýadynyň döredilendigi aýratyn bellärliklidir. Olardan 2009-njy ýylyň başynda güýje giren Türkmenistanyň Söwda-deňiz gatnawynyň kodeksi, 2012-nji ýylyň başynda güýje giren Türkmenistanyň Howa kodeksi ýurdumyzda ulag ulgamynyň deňiz we howa pudaklarynyň işiniň kanunçylyk binýadyny halkara ülňülerine gabat gelýän derejede düzgünleşdirýär we bu ugurda bar bolan ähli hukuk resminamalary özünde jemleýär.
Türkmenistan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary hem-de ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýän döwlet hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Merkezi Aziýada hemişelik Bitarap Türkmenistan bu günki gün sebitde möhüm wakalaryň, döwletara meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan we çözülýän mekany, paýtagtymyz Aşgabat bolsa, ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýar.
Hormatly Prezidentimiz: “Bitarap, parahatçylygy söýüji Türkmenistan geljekde-de Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmaz hem-de adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine öz goşandyny goşar” – diýip, ynam bilen belleýär. Ýurdumyzyň asuda, parahat durmuşy, dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan hoşmeýilli daşary syýasaty bu işleriň oňyn miwesidir.
Goý, şeýle işleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Maýa MELÄÝEWA,
DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň aspirantura bölüminiň baş hünärmeni.