28-nji noýabrda Gruziýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Salome Zurabişwili sesleriň 60 göterime golaýyny eýeläp, ynamly ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw geňeşi 3 müň 705 saýlaw uçastogynyň seslerini sanandan soňra mälim etdi. Şeýlelikde, “Gruzin arzuwy” partiýasy tarapyndan ýardam berilýän garaşsyz dalaşgär Salome Zurabişwili sesleriň 59,52%-ine, “Ýeke-täk milli hereket” partiýasynyň dalaşgäri Grigol Waşadze bolsa, sesleriň 40,48%-ne eýe boldy.
Salome Zurabişwili 1952-nji ýylda Fransiýada gruzin maşgalasynda dogulýar. Ol Parižiň Politehniki institutyny gutarýar, soňra ABŞ-nyň Kolumb uniwersitetinde okaýar. Ol 1974-nji ýyldan başlap, Fransiýanyň Daşary işler ministrliginde işleýär. 2003-nji ýylda Fransiýanyň Gruziýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi bolýar. 2004-nji ýylda Gruziýanyň Daşary işler ministri wezipesine bellenen Salome Zurabişwili fransuz raýatlygyndan çykyp, saýlawlara garaşsyz dalaşgär hökmünde gatnaşdy.
Ýurtda geçirilen Prezident saýlawlaryna jemi 25 dalaşgär gatnaşdy. Saýlawlaryň gidişine 48 müň ýerli, 1300-den gowrak hem halkara synçylary gözegçilik etdiler. Merkezi saýlaw geňeşi gatnaşygyň 56,23 göterime deň bolandygyny mälim etdi. Mundan ozal, 28-nji oktýabrda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda Zurabişwili sesleriň 38,64 göterimine, Waşadze bolsa, 37,74 göterimine eýe bolupdy. Täze Prezidentiň kasam kabul edişlik dabarasy 12-nji dekabra bellenildi. Ýurduň üýtgedilen Esasy Kanunyna görä, häzirki saýlawlar halk tarapyndan ses bermek arkaly göni saýlanýan iň soňky Prezident saýlawlarydyr. 2024-nji ýyldan başlap, Döwlet ýolbaşçysy ýurduň Parlamenti tarapyndan saýlanar.