Robin Wilýamsyň “Şahyrlaryň jemgyýeti” filmindäki adamlaryň durmuşyny özgerdip bilýän mugallym Jon Kiting, batyrgaýlygyň ajaýyp nusgasydyr. Bu çeper filmde Kiting mekdep-internatda okaýan sustupes ýetginjeklere sapak berýär, durmuşa bolan höwes döredip, olary ruhlandyrýar. Kiting ýetginjeklere özleriniň ýaşlyk arzuwlaryny näme sebäpden ýitirendiklerini düşündirýär. Çünki olar öň ata-eneleri tarapyndan işlenip düzülen meýilnamalara görä ýaşaýardylar. Olar lukman, hukukçy, bankçy bolmagy ýüregine düwen ekenler, çünki ata-eneleri olary şeýle wezipede görmek isläpdir. Ýöne bu köňli sowuk ýaşlar öz ýürekleriniň haýsy tarapa çekýändigi barada pikir hem etmeýän ekenler.
Bu filmde jenap Kiting öz hossarlygyndaky ýetginjekleri öňki ýyllaryň uçurymlarynyň asylyp goýlan fotosuratlarynyň ýanyna alyp barýar. Kiting okuwçylara bakyp şeýle diýýär:
– Oglanlar, şu suratlara serediň! Şu ýerde görýän oglanlaryňyzyň gözlerinde edil siziň gözleriňizdäki ýaly hyjuw bar. Olar dünýäni özgerdip, durmuşda haýsydyr bir gowy işiň başyny tutmagy meýilleşdiripdiler. Şu suratlaryň düşürilenine 70 ýyl bolupdyr. Olaryň köpüsi eýýäm dünýäsini täzeledi. Eýsem, olara durmuşdaky arzuwlaryna ýetmek başartdymyka? Eýsem, olar öz göwnünde beslän zatlaryny berjaý etdilermikä?
Soňra jenap Kiting uçurymlar toparyna garap, şeýle pyşyrdaýar: “Carpe diem!, Amatly pursat tapyň!”
Ilki okuwçylar bu mugallymyň aýdanlaryna nähili düşünjeklerini bilmändirler. Ýöne olar basym onuň sözleriniň ähmiýeti barada pikir edip başlapdyrlar. Olar özleri üçin täze bir dünýägaraýşy açyp berenligi üçin Mister Kitingi sylap, onuň gadyryny bilip ugrapdyrlar.
Biziň her birimiz doglan güni mynasybetli gutlaglar beýan edilen otkrytka bilen aýlanyp ýörüs. Gowşurmak isleýän bu gutlaglarymyzda bagt, döredijilik üstünligi arzuwlanylýar ýa-da ýüregimiziň bir künjünde gizleýän çuňňur duýgularymyz beýan edilýär.
Filmiň gahrymanlarynyň biri Noks Owerstrit oňat bir gyzy halaýar. Noks ol gyzyň ugrunda akyl-huşuny ýitirýär, ýöne oňa söz aýtmaga welin, gaýraty çatmaýar. Birdenem, jenap Kitingiň “Amatly pursat tapyň!” diýen maslahaty onuň ýadyna düşýär. Noks mundan artyk pikir edip bilmejekdigine göz ýetirýär, eger-de ol ony halaýan bolsa, munuň üçin bir zatlar etmäge girişmelidi. Ol şeýle hem edýär. Ol gyzyň öňünde özüniň iň pynhan duýgularyny ynamly açmaga ýürek edip bilýär. Çünki Noks öz arzuwlaryndan ýüz öwrüp biljek däldi, ol halaýanynyň saýasyna öwrülipdi. Soňlugy bilen, gyz onuň özüni tüýs ýürekden söýýändigine düşünýär we oňa göwün berýär. Noks dostlarynyň arasynda onçakly meşhur bolmasa-da, niýetiniň päkligi bilen gyzy özüne ýesir edýär. Şeýlelikde, ol öz durmuşyny gözelleşdirýär.
***
Şeýle pursaty başdan geçirmäge mende hem mümkinçilik bolupdy. Men haýwanat dükanynda işleýän mylakatly bir gyza göwün berdim. Onuň ýaşy menden kiçidi, meniňkä garanyňda, oňat durmuş ýörelgesini alyp barýardy, şonuň üçin biziň gürrüň edere üýtgeşik zadymyz ýokdy. Ýöne munuň hiç hili ähmiýeti ýok ýaly bolup göründi. Meni mähir uçgunlary gaplap aldy. Meniň bilen ysnyşmak oňa hem ýaraýjak ýalydy.
Haçan-da, onuň basym doglan günüdigini bilemde, ony nirädir bir ýerlere çagyrmaly diýen karara geldim. Oňa jaň etmezden ozal, ýarym sagatlap telefona seredip oturdym. Soňra men belgileri aýladym, ýöne jaň gitmänkä, trubkany ýerinde goýdum. Men edil duşuşyga öňünden begenýän we teklibinden ýüz öwrülerinden heder edýän mekdep okuwçysy ýaly, özümi iki göwünli duýup ikirjiňlenýärdim. Içimden gelýän ses meniň oňa ýaramaýandygymy, biderek ýere wagt ýitirýändigimi aýdýan ýalydy. Ony görenimde özümi şeýle joşgunly hem ruhubelent duýýardym. Elbetde, meni hiç bir gorky saklap biljek däldi. Ahyrsoňy men gaýratlanyp, ony teatra çagyrdym. Ol maňa minnetdarlyk bildirdi hem-de özüniň başga işleriniň bardygyny aýtdy.
Men şowsuzlyga uçradym diýen netijä geldim. Içimden gelýän şol ses maňa gaýdyp oňa jaň etmezligi maslahat berýärdi, mundan buýana hem lapykeçlige uçramazlygym üçin, häzirki ýagdaýyma kaýyl bolmagymy teklip edýärdi. Ýöne meniň bu gyzyň näme üçin özüne uçursyz çekýänligine düşünesim gelýärdi. Içimdäki pikirler daşyma çogup çykjak ýalydy. Men öz halanyma başdan geçirýän duýgularymy hökman aýtmalydym.
Söwda merkezine baryp, gyza doglan güni mynasybetli gutlag ýazylmaly owadan otkrytka satyn aldym we ony şahyrana setirler bilen doldurdym. Onsoň onuň işleýän ýerine ugradym. Haçan-da, gapa golaýlanymda, şol howsalaly ses maňa duýdurdy: “Birden sen oňa ýaramasaň, näme edersiň? Birden ol senden ýüz öwürse, ber habaryňy!?”
Men özümde gowşaklyk duýup, otkrytkany jübümde gizledim. Eger-de, gyz mylakatly gürleşse, oňa otkrytkany gowşuraryn, eger-de, sowuk garşylasa, ony goýan ýerimden çykarmaryn diýen karara geldim. Biz biraz gürleşdik, ýöne onda haýsydyr bir gowy alamat görmedim. Ýeňil bolmadyk duýgyny başdan geçirip, gapa tarap ýöneldim.
Emma gapa golaý baranymda, maňa başga bir ses geldi. Ol ýuwaşlyk bilen ýaňlanýardy, onda jenap Kitingiň aýdan sözleri bardy. Ol maňa pyşyrdap: “Noks Owerstriti ýada sal, Carpe diem!, Amatly pursat tapyň!” diýýärdi. Birdenem, men öz ýüregimi açmak höwesi bilenem, duýgularymy açmak gorkusy bilenem ýüzbe-ýüz galdym. Haçan-da, özüm şeýle etmeýärkäm, durmuşda öz görşüň ýaly ýaşamak barada adamlara nädip gürrüň bermegimi dowam etdirerin?! Eýsem-de bolsa, gutlamagyň näme aýby barmyş? Doglan gününde islendik gyza şeýle otkrytkany almak ýakymly bolýandyr ahyryn!? Men amatly pursat tapmaly diýen karara geldim. Şeýle karara gelenimde, meniň ýüregimiň batyrgaýlyk bilen dolandygyna göz ýetirdim. Belli bir karar maňa güýç berdi.
Köp wagtdan bäri beýle ýagdaýy başdan geçirmändim. Birdenem, men özümde çuňňur kanagatlanma hem asudalyk duýdum. Maňa öz ýüregimi açmagymy öwrenmegim, öwezine-de hiç zat islemezligi öwrenmegim gerekdi.
Men jübimden otkrytkany çykardym, yzyma öwrülip, ony gyza berdim. Oňa öz gutlaglarymy uzadanymda, akyla sygmaýan ýeňillik hem tolgunyşy başdan geçirdim. Her niçik-de bolsa, men şeýle etdim.
Eýsem, soňra näme bolanyny bilýärsiňizmi? Meniň ädimim ony onçakly geň galdyrmady. Ol “Sag bol” diýdi-de, ony açman bir gyrada goýdy. Meniň göwnüm bozuldy. Tamam çykmady, meni ret etdi diýen duýgyny başdan geçirdim.
Men edepli hoşlaşyp, dükandan çykdym. Soň täsin ýagdaý bolup geçdi. Birdenkä, meni ruhubelentlik gaplap aldy. Içimde ägirt uly kanagatlanma tolkunlary möwç urup, ol tutuş durkumy gurşap aldy. Men öz ýüregimi açdym, bu juda ýakymlydy. Gorky duýgusy uzaklaşdy, şeýlelikde, ümmülmez giň sähra çykdym. Hawa, bolup geçen zatlar birneme tagaşyksyzragam boldy, ýöne men şeýle ädimi ätdim. (Emmet Foks şeýle diýipdir: “Siz gorkudan sandyraýarkaňyzam, öz etmeli işiňizi ediň, ýöne hökman ediň!”). Men hiç hili kepillik islemän öz göwnümi açdym. Men deregine hiç zada garaşmadym.
Adamzat aragatnaşygyny tijenmäge mejbur etmek üçin hereket edýän güýçler zerur; goý, olarda hemişe söýgi bolsun!
Men köp wagtdan bäri başdan geçirmedik kanagatlanmany, ruhy rahatlygy duýdum. Synagyň özenine düşündim: öz ýüregiňi açmagy, deregine hiç zat islemän, söýgi peşgeş bermegi öwrenmeli. Bu synag diňe şu gyz bilen aragatnaşygy ýola goýmagy aňlatmaýardy. Ol öz-özüm bilen aragatnaşygymy çuňlaşdyrmakda hem ýardam berdi. Bu maňa başartdy. Jenap Kiting maňa buýsanyp bilerdi. Ýöne ozaly bilen özüm özüme buýsanýardym.
Soňra ol gyza seýrek duş geldim, ýöne bu tejribe bütin durmuşymy özgertdi. Şol ýönekeý tejribe arkaly islendik aragatnaşygy ýola goýmaga, hatda, bütin dünýäni herekete getirmäge zerur bolan güýji aýdyň gördüm: siz hemmelere öz söýgiňizi peşgeş beriň.
Biz, öz duýgularymyza jogap alyp bilmedik halatymyzda bizi ýaralaýandyrlar öýdüp, pikir edýäris. Ýöne bu bize ýara salmaýar. Biz söýgi peşgeş bermesek, diňe derdimizi artdyrýarys. Biz söýmek üçin doglan. Biz söýmek we söýülmek üçin Hudaý tarapyndan ýaradylan diýip aýdyp bileris. Biz islendik işe söýgi bilen çemeleşsek, has gowy netijeleri gazanarys.
Dünýä biziň eşretlerimiziň bizi söýýänlere baglydygy baradaky pikire ynanmaga alyp barýar. Ýöne käbir düşünjeler bize birgiden kynçylyklary döredýär. Hakykatda bolsa, biziň abadançylygymyz berýän söýgimize baglydyr. Bu ýerde gürrüň biziň durmuşdan diňe nämeleri alýandygymyz hakda barman, eýsem, durmuşa, golaýymyzdaky adamlara nämeleri berýändigimiz hakda barýar.