Gadymy Müsür özünde ençeme syrlary saklaýar. Olaryň biri hem Aleksandriýa kitaphanasy bolup, ol ýerde gadymyýetiň meşhur akyldarlarynyň köp sanly eserleri saklanypdyr. Biziň eýýamymyzdan öň, III asyrda Müsüriň patyşasy Ptolemeý I Soter tarapyndan iň uly kitaphana we ylmy merkez esaslandyrylýar. Ol beýleki döwletleriň hökümdarlaryna kitaphana üçin golýazmalary ugratmaklaryny haýyş edip, ýüz tutýar. Ptolemeýiň mirasdüşerleri Ýewropanyň, Kiçi Aziýanyň we Demirgazyk Afrikanyň şäherlerine manuskriptleri, kartalary we beýleki gymmatly eserleri ýygnamak üçin bilermenleri ugradýarlar. Kitaphananyň üstüni doldurmak üçin Aleksandriýa giren her bir gäminiň bortundaky ähli külterlenen golýazmalar nusgalanýan eken. Ýüzden gowrak alym kitaplary ýygnamak, terjime etmek, nusgalamak işleri bilen meşgul bolupdyr.
Dürli maglumatlara görä, kitaphana 40 müňden 750 müňe çenli gadymy ýewreý, grek, latyn we pars dillerinde papirusa ýazylan golýazmalar we manuskriptler toplanypdyr. Kitaphananyň gaznasy älemşynaslyk, lukmançylyk, hukuk we tebigy bilimleri öz içine alýan eserlerden ybarat bolupdyr. Onuň işgärleri tarapyndan edebiýaty öwreniş ylmynyň we kataloglaşdyrmagyň esaslary düzülýär. Kitaphanada Ýewklid we Arhimed ýaly gadymy grek alymlary işläpdirler.
Aleksandriýa kitaphanasynyň haçan ýok edilendigi barada anyk maglumatlar ýok. Onuň arhiwine iki gezek – biziň eýýamymyzyň I asyrynyň ortalarynda, şeýle hem biziň eýýamymyzyň III asyrynda emele gelen iki gezek ýangyn sebäpli düýpli zyýan ýetýär. Kitaphananyň galan bölegi IV asyrda ýok edilýär. Abat galan golýazmalar bolsa, VII asyrda Müsüriň araplar tarapyndan eýelenmegi bilen gutarnykly ýitirilýär. Rim filosofy bolup geçen pajygany beýan edip, emele gelen ýangynda 40 müňden gowrak düýrlenen golýazmanyň ot alandygyny gürrüň berýär. Grek taryhçysy Plutarh hem bu ýerde ýitirilen ähli küti kitaplara gynanjyny bildirýär.
1989-njy ýylda ÝUNESKO kitaphanany dikeltmek bilen baglanyşykly başlangyçlary öňe sürdi. 2002-nji ýylda gadymy kitaphananyň çak edilýän ýerinde häzirki zaman Aleksandriýa kitaphanasy açyldy. Binanyň gurluşygyna 230 million dollar sarp edilip, 2002-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda resmi açylyşy boldy. Bu kitaphana dürli ýurtlaryň kitaphanalary we hususy kolleksionerleri tarapyndan köp sanly golýazmalar sowgat berildi.