Şu ýylda pudagyň ösüşini alamatlandyrýan esasy wakalaryň biri Marynyň Döwlet elektrik bekedinde utgaşykly dolandyryş esasynda işleýän häzirki zaman bug-gaz elektrik bekediniň gurlup, ulanylmaga berilmegi boldy. Onuň umumy kuwwaty 1 müň 574 megawata barabardyr. Bu ýerde 4 gaz we 2 bug turbinalary oturdyldy.
Mundan başga-da, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda kuwwaty 432 megawat bolan täze gazturbinaly elektrik bekediniň düýbi tutuldy. Ol Ýaponiýanyň “Sumitomo Corporation” we “Mitsubishi Hitaсhi Power Systems”, şeýle hem Türkiýäniň “Rönesans Holding” kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyrylar. Elektrik bekediniň esasy önümçilik binasynda her biriniň kuwwaty 144 megawat bolan üç sany gazturbina gurnamalaryny oturtmak meýilleşdirilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 – 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyna” laýyklykda ýakyn ýedi ýylyň içinde ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň möçberini 33 milliard kilowat-sagada ýetirmek meýilleşdirilýär.
Bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyna hem giň ýol açyldy. Türkmen elektrik energiýasyny dünýä bazaryna çykarmak üçin şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň düýbi tutuldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň arasynda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektrik geçirijisiniň taslamasy boýunça ylalaşyga gol çekildi. Hususan-da, bu ylalaşyga laýyklykda, täze elektrik geçiriji ulgam boýunça Owganystana — Hyrada we Gandagara, hersine 300 megawat (jemi 600 megawat) iberiljek elektrik energiýasynyň möçberleri kesgitlenildi. Geljekde olaryň möçberini 1 müň megawata çenli artdyrmak maksat edinilýär.
Ýurdumyzyň energiýa serişdeleriniň eksport ugurlarynyň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmakda “Ahal – Balkan” we “Balkan – Daşoguz” ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygynyň maliýeleşdirilmegi bilen baglanyşykly şu ýylyň noýabr aýynda Aziýanyň ösüş banky bilen gol çekilen Ylalaşyk aýratyn orun eýeleýär. Türkmenistanyň bir bitewi Merkezi Aziýa energiýa ulgamyna işjeň goşulmagynyň türkmen elektrik energiýasyny Türkmenistan–Özbegistan–Täjigistan–Owganystan–Pakistan halkara taslamasynyň çäklerinde ibermegiň möçberleriniň has-da artdyrylmagy üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder.
Üstümizdäki ýylda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” ady bilen halkara sergi we maslahat geçirildi. Onda ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň ösüşi we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.